«Samson Sky» kompaniýasynyň «Switchblade» atly uçýan awtoulagy sagatda 140 kilometrlik tizlige ýetdi. Ol uçuş-gonuş zolagynda synagdan geçirildi. Awtoulag turbo görnüşli V4 hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylandyr, bu sagatda 100 kilometrlik tizlige 6,5 sekuntda ýetmäge hem-de sagatda 200 kilometr tizlik bilen gitmäge mümkinçilik berýär. «Switchblade» ulagyny adaty köçelerde hem sürüp bolar.
Häzirki wagtda bu ulag synagdan geçirilýär. Onuň ilkinji uçuşyna ýene-de sanlyja aýlar galdy. Uçýan awtoulagy öndürijiler onuň bahasyny 150 müň dollar hökmünde kesgitledi. 38 ýurtdan 1300-den gowrak sargyt aldylar. «Switchblade» ulagy üçin sürüjä uçarmanlyk şahadatnamasy we motosikl ygtyýarnamasy gerek bolar.
Şatlyk ÖWEZNEPESOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.