Bölek söwda bilen meşgullanýan «Alibaba» kompaniýasyna eýeçilik edýän «Ant Group» paýnamalarynyň bir bölegini birža arkaly satuwa hödürlemäge taýýarlyk görýär. Bu satuwdan soňra hytaý kompaniýasynyň bazar gymmatynyň ululygy dünýäniň birnäçe ýurdunyň jemi içerki önüminden ýokary boljakdygy mälim edildi. Iri maliýe edarasy 34,5 milliard dollarlyk paýnamasyny paýdarlara hödürlär. Bu mukdara ýene 5,2 milliard dollar goşulmagynyň mümkindigi mälim edildi. Bu görkeziji häzire çenli birža arkaly satylan iň köp mukdardaky gymmatly kagyz bolar. Ýeri gelende aýtsak, geçen ýyl «Saudi Aramco» nebit-gaz kompaniýasy 29 milliard dollarlyk gymmatly kagyzy birža arkaly satuwa çykarypdy. Bilermenler bu söwdadan soňra hytaý kompaniýasynyň bazar gymmatynyň 315 milliard dollara ýetjekdigini, şondan soňra kompaniýany esaslandyran Jek Manyň dünýäniň iň gurply 11-nji adamy boljakdygyny belleýärler. Ýeri gelende aýtsak, hytaýly işewür harytlary müşderiniň salgysyna eltip berýän «Alibaba» kompaniýasyny 60 müň dollarlyk esaslyk maýa bilen döredipdir. Kompaniýa häzirki wagtda elektron söwda, elektron töleg, bölek söwda ýaly ugurlarda iş alyp barýan dünýäniň iň iri brendleriniň birine öwrüldi. Häzirki wagtda Jek Manyň kompaniýada 8,8 göterim paýnamasy bar. «Ant Group»-yň gymmatly kagyzlary Şanhaý we Gonkong biržalarynda hereket edýär. 2014-nji ýylda esaslandyrylan «Ant Group» «Alibaba Holding»-iň onlaýn töleg hyzmatdaşy hökmünde guruldy. «Ant Group» topary dünýäniň iň gymmatly maliýe tehnologiýasy kompaniýalarynyň birine öwrüldi. Topar elektron bölek söwda pudagynda sanly öwrülişigiň infrastrukturasyny emele getirýär.