«Xiaomi» kompaniýasy amatly bahasy bilen tapawutlanýan «Redmi» telefonlarynyň nobatdaky modeli bilen tanyşdyrdy – «Redmi K30S». Täze smartfonyň 64, 13 we 5 megapiksellik üç sany arka kamerasy bar; öňki kamerasy bolsa 20 megapiksele deňdir. Şeýle hem telefonyň kamerasy 8K wideo düşürmäge ukyplydyr.
«Xiaomi Mi 10T»-niň gaýtadan dizaýn edilen görnüşi bolan «Redmi K30S»-e 6,67 dýuýmlyk ekran ýerleşdirilip, kümüşsöw we gara reňklerinde öndürilipdir.
«Qualcomm» kompaniýasynyň «Snapdragon 865» mikroprosessoryny ulanýan K30S-iň RAM göwrümi 8 gigabaýta deňdir. Bu telefonyň iki görnüşi bolup, olaryň ilkinjisiniň içki ýady 128 gigabaýta, ikinjisiniňki bolsa 256 gigabaýta deňdir.
«Redmi K30S»-niň batareýasynyň kuwwatlylygy 5 000 mA/sagat bolmak bilen, 33 woltluk çalt zarýad alýan tehnologiýa bilen üpjün edilipdir. Telefonyň barmak yzyny okaýan sensory gapdalyndaky panele ýerleşdirilipdir.
5G aragatnaşyk ulgamy hem bar bolan «Redmi K30S» 11-nji noýabrda satuwa çykarylar. Telefonyň 128 gigabaýtlyk görnüşi 387 dollardan, 256 gigabaýtlyk görnüşi 420 dollardan satuwa çykarylar.
2013-nji ýylyň iýul aýynda esaslandyrylan «Redmi» brendi ilkinji smartfonyny, ýagny «Redmi 1»-i 2013-nji ýylda çykardy. «Statcounter»-iň sentýabr aýyndaky maglumatyna görä, Türkmenistandaky smartfon ulanyjylarynyň 22 göterimi «Xiaomi» kompaniýasynyň telefonlaryndan peýdalanýar.