Dün­ýä­de eme­le ge­len çyl­şy­rym­ly ýag­daý­lar se­bäp­li köp ýer­de uçar gat­naw­la­ry azal­dyl­dy. Finl­ýan­di­ýa­da bol­sa, uçar­da hö­dür edil­ýän ta­gam­lar söw­da mer­kez­le­rin­de sa­tu­wa çy­ka­ryl­dy. Uça­ra mün­me­gi küý­sän­le­riň uly is­leg bil­dir­ýän ta­gam­la­ry­nyň ara­syn­da hu­ruş­ly et, pa­law we beý­le­ki na­har­lar bar. Müş­de­ri­le­riň uly is­le­gin­den peý­da­lan­ýan bu tä­ze hyz­mat awia­si­ýa kom­pa­ni­ýa­la­ry­ny na­har bi­len üp­jün ed­ýän eda­ra­lar­da iş orun­la­ry­nyň sak­la­nyp gal­ma­gy­na şert dö­ret­di.
Go­laý­da Tai­lan­dyň «Thai Air­wa­ys» awia­kom­pa­ni­ýa­sy uçar­da hö­dür edil­ýän ta­gam­la­ry iý­me­gi küý­sän­ler üçin ýö­ri­te res­to­ran açyp­dy. Uça­ryň ka­bi­na­sy­na meň­zeş bo­lan res­to­ran­da myh­man­la­ra uçar­be­let ly­bas­ly og­lan-gyz­la­ryň hyz­mat et­me­gi ýo­la goý­lup­dy. Şeý­le hem Gon­kong­da ýo­lag­çy­la­ry­ny di­ňe şä­he­riň üs­tün­de gu­şu­çar be­lent­lik­de aý­la­ýan uçar gat­na­wy ýo­la go­ýul­dy.