Ulag­la­ryň sa­ny 1,4 mil­li­ar­da ýet­di. BMG-niň Daş­ky gur­şaw bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­sy
(ÝU­NEP) ta­ra­pyn­dan taý­ýar­la­nan mag­lu­mat­da soň­ky ýyl­lar­da dün­ýä­de aw­tou­lag­la­ryň sa­ny­nyň ar­typ, 1,4 mil­li­ar­da ýe­ten­di­gi mä­lim edil­ýär. Bu gör­ke­zi­ji­niň 2040-njy ýy­la çen­li 2 mil­li­ar­da ýet­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Aw­tou­lag eýe­çi­li­gi­niň, esa­san, Azi­ýa, Af­ri­ka we Gü­nor­ta Ame­ri­ka ýurt­la­ryn­da art­jak­dy­gy çak­la­nyl­ýar. Şeý­le hem mag­lu­mat­da soň­ky ýyl­lar­da dün­ýä ýurt­la­ry­nyň ulag­la­ryň ýan­gy­jy üçin tä­ze ül­ňü­le­ri gi­riz­ýän­di­gi bel­le­nil­di. Şeý­le çä­re­ler se­bit­le­ýin ýag­daý­da hem dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. 15 ag­za­sy bo­lan Gün­ba­tar Af­ri­ka ýurt­la­ry­nyň yk­dy­sa­dy bi­le­le­şi­gi (ECOWAS) in­di­ki ýy­lyň ýan­war aýyn­dan baş­lap, ulag­la­ryň ül­ňü­le­ri­ni we ýan­gy­jy­nyň aras­sa bol­ma­gy­ny kes­git­le­ýän tä­ze düz­gü­ni güý­je gi­riz­ýärler.

Aý­da suw ta­pyl­dy. ABŞ-nyň ae­ro­kos­mos eda­ra­sy (NA­SA) Aý­da suw ta­py­lan­dy­gy­ny ha­bar ber­di. Az muk­dar­da­ky su­wuň «Stra­tosp­he­ric Ob­servato­ry for Inf­ra­red Ast­ro­no­my» tas­la­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de ama­la aşy­ry­lan göz­le­giň ne­ti­je­sin­de Aýyň ýag­ty ta­ra­pyn­dan ta­py­lan­dy­gy mä­lim edil­di. NA­SA-nyň Ast­ro­fi­zi­ka bö­lü­mi­niň di­rek­to­ry Pol Hertz: «Aýyň ýag­ty ta­ra­pyn­da H2O, ýag­ny ada­ty su­wuň ala­mat­la­ry­ny tap­dyk. In­di ol ýer­de su­wuň bar­dy­gy­ny bil­ýä­ris» diý­di. Yl­my-bar­lag ba­ra­da taý­ýar­la­nan mag­lu­ma­tyň aw­to­ry Ka­si Hon­ni­ball Aýyň ga­lyň at­mos­fe­ra­sy­nyň ýok­du­gy­na ün­si çe­kip, Ýe­riň hem­ra­sy­nyň ýag­ty ta­ra­pyn­da­ky su­wuň at­mos­fe­ra ga­ryş­ma­ly­dy­gy­ny, em­ma mu­ňa ga­ra­maz­dan, ol ýer­de su­wuň bar­dy­gy­ny gör­ýän­dik­le­ri­ni aýd­ýar. Ta­py­lan su­wuň 340 gram­dy­gy çak­la­nyl­ýar. Ast­ro­nom­lar köp wagt­dan bä­ri as­man ji­sim­le­rin­de su­wuň ala­mat­la­ry­ny göz­le­ýär­ler.

2035-nji ýyl­da sa­ny deň­le­şer. Tä­ze al­ter­na­tiw ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­ni iş­läp taý­ýar­la­ma­ga we ulan­ma­ga aý­ra­tyn üns ber­ýän Hy­taý­da elekt­rou­lag sa­tu­wy bar­ha art­ýar. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, 2035-nji ýy­la çen­li dün­ýä­niň iň köp ilat­ly ýur­dun­da sa­tyl­jak ulag­la­ryň 50 gö­te­ri­mi­ni al­ter­na­tiw ener­gi­ýa çeş­me­le­rin­den peý­da­lan­ýan ulag­lar eme­le ge­ti­rer. Hä­zir­ki wagt­da bu gör­ke­zi­ji 5 gö­te­rim tö­we­re­gi. Gör­ke­zi­ji az hem bol­sa, Hy­taý dün­ýä­niň iň uly aw­tou­lag ba­za­ry ha­sap­lan­ýar we elekt­rou­lag sa­tu­wy ýyl­sa­ýyn art­ýar. 2035-nji ýyl­da sa­tyl­jak al­ter­na­tiw ener­gi­ýa­ly ulag­la­ryň 95 gö­te­ri­mi­ni elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän ulag­lar eme­le ge­ti­rer.

6,4 met­r ganatly guş. 1980-nji ýyl­lar­da An­tark­ti­ka­da ta­py­lan da­şa öw­rü­len gu­şuň ga­lyn­dy­la­ry 2015-nji ýyl­dan bä­ri öw­re­nil­ýär­di. Hü­när­men­ler bu ga­lyn­dy­nyň 40-50 mil­li­on ýyl ozal ýa­şap ge­çen, uçup bil­ýän iň uly guş bo­lan­dy­gy­ny çak­la­ýar­lar. Bu gu­şuň ga­na­ty­ny açan­la­ryn­da, uzyn­ly­gy 6,4 met­re ba­ra­bar bo­lan­dy­gy aý­dyl­ýar. Bu ga­lyn­dy­lar 80-nji ýyl­lar­da An­tark­ti­ka­da­ky Si­mor ada­syn­da­ ge­çi­ri­len ar­heo­lo­gik göz­leg­le­riň ne­ti­je­sin­de ta­py­lyp­dy. Ka­li­for­ni­ýa uni­wer­si­te­ti­niň hü­när­men­le­ri da­şa öw­rü­len gu­şuň ga­lyn­dy­la­ry­ny bir­nä­çe ýyl­lap mu­zeý­de goý­du­lar. 2015-nji ýyl­da bol­sa, bu ga­lyn­dy­lar yl­my taý­dan öw­re­ni­lip baş­lan­dy. Yl­my iş ba­ra­da «Scien­ti­fic Re­ports» at­ly žur­nal­da ma­ka­la ne­şir edil­di.

Ho­wa gat­naw­la­ry 68 gö­te­rim az bo­lar. Hal­ka­ra Awia­si­ýa Bi­le­le­şi­gi (IATA) şu ýy­lyň do­wa­myn­da hal­ka­ra ho­wa gat­naw­la­ry­nyň 2019-njy ýyl­da­ky­dan 68 gö­te­rim az bol­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýan­dy­gy­ny mä­lim et­di. Hal­ka­ra gu­ra­ma­nyň ýol­baş­çy­sy Alek­sandr de Ju­niýa 2021-nji ýyl­da pu­da­gyň gir­de­ji­si­niň 2019-njy ýyl­da­ky­dan 46 gö­te­rim pes bol­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Ge­çen ýyl glo­bal de­re­je­de bu pu­da­gyň gir­de­ji­si 838 mil­liard dol­lar bo­lup­dyr.

Al­ty gö­te­rim ösüş ga­zan­dy. Ger­ma­ni­ýa­nyň yk­dy­sa­dy bar­lag­lar ins­ti­tu­ty (DIW) ýur­duň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň üçün­ji çär­ýek­de 6 gö­te­rim ösüş ga­za­nan­dy­gy­ny mä­lim et­di. Ins­ti­tut bu ösüş dep­gi­ni­niň dör­dün­ji çär­ýek­de az­da-kän­de azal­jak­dy­gy­ny çaklaýar. Dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy eks­port­çy ýurt­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Ger­ma­ni­ýa­da ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­li­ge de­giş­li eda­ra-kär­ha­na­la­ryň kö­pü­si eks­por­ta ibe­ril­ýän ha­ryt­la­ry ön­dür­ýär­ler.

7 müň 801 göw­her­den ýa­sa­lan ýü­zük. Hin­dis­tan­ly bir zer­gär 6 sa­ny gül gat­la­gyn­dan eme­le ge­len we 7 müň 801 göw­her bi­len be­ze­len al­tyn ýü­zü­gi ýa­sap, Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gir­di. Kot­ti Sri­kanth bu gym­mat ba­ha­ly ýü­zü­gi ýa­sa­mak üçin bir ýyl zäh­met çe­kip­dir. Us­sat zer­gär ýü­zü­gi 2018-nji ýyl­da ýa­sa­ma­ga baş­lan­dy­gy­ny, ge­çen ýy­lyň aw­gus­tyn­da ta­mam­lan­dy­gy­ny bel­le­ýär.