Şeker beýnimiziň esasy «ýangyjy» hökmünde hyzmat edýär. Beýniniň öýjükleri glýukoza bilen hereketlenýär. Gandaky şekeriň derejesi pese gaçanda, beýnimiz bulaşýar, diýýän zatlarymyzy saýgarman başlaýarys, telefonymyzy nirä goýanymyzy ýatdan çykarýarys we ymyzganmagyň ugruna çykýarys.
Dilimiz şekere degeninde beýnimize duýduryş berýär. Bu duýduryş dopamini, ýagny adamynyň özüni gowy duýmagyna sebäp bolýan garmonlary bölüp çykarýar. Şeýlelikde, adatça süýji zat iýenimizde özümizi gowy duýýarys we ikinji gezek hem iýmek isleýäris. Özümizi gowy duýmaga bolan islegimiz ýokarlandygyça, şekerli önümleri iýmäge islegimiz artýar. Iýen şekerli önümlerimiz aşgazanymyza baranynda bolsa, has üýtgeşik hadysa bolup geçýär. Aşgazanyň kabul eden iýmitinde ýokary süýjülik bolanlygy üçin beýnä goşmaça insulin, ýagny gandaky şekeriň derejesini sazlaýjy garmony öndürmek boýunça duýduryş gidýär. Insulin ýag öýjüklerine ýokary kaloriýaly artykmaç maddalary ýygnamagy buýurýar. Bu bolsa, gandaky kaloriýa derejesini düşürip, açlyk duýgusynyň birden ýokarlanmagyna sebäp bolýar. Birden ýüze çykan açlyk duýgusy şekerli önümlere bolan islegi täzeden ýokarlandyryp, bu aýlawy täzeden başladýar. Şeýlelikde, çendenaşa şeker kabul etmek garmon we kaloriýa sazlaşygyny bozýar.