Internetden haýsydyr bir zat gözlenende köplenç “google” saýtyna girilýär. Bu saýt arkaly her sekuntda 40 müň gözleg edilýär. Bu görkeziji her günde 3,5 milliard diýmegi aňladýar. Internetden gözlegleriň 92,26-synyň bu saýt arkaly ýerine ýetirilýändigi mälim edildi. “Alphabet”-iň garamagyndaky “Google” kompaniýasynyň gözleg saýty beýleki gözleg motorlaryndan görnetin öňe saýlanýar. “Microsoft”-a degişli bolan “Bing” bolsa, 2,83 göterimlik paýa eýe. Bir döwür häzirki “Google” ýaly meşhur bolan “Yahoo”-nyň paýyna bolsa, häzirki wagtda 1,59 göterim düşýär. Sanawda “Baidu” 1,14 %, “DuckDuckGo” hem-de “Yandex” bolsa 0,5% paý alypdyrlar. “Yandex” halkara derejesinde az görkezijä eýe bolsa-da, öz döredilen ýurdy bolan Russiýada 39,07 göterim bilen ikinji ýerde durýar. Bu ýurtda-da birinji orny 58,37 göterim bilen “Google” eýeleýär.
Internet brauzerleriniň arasynda hem “Google”-yň “Chrome”-y 66,3% bilen birinji ýeri eýeleýär. “Safari” (16,76%) ikinji, “Firefox” (4,08%) üçünji ýeri eýeleýär.
Bu baradaky maglumatlary “Internet Live Stats” saýtynyň hünärmenleri taýýarlapdyr.