Niderland hünärmenleri dünýäniň iň içi gaýygyny ýasadylar. Üç ölçegli printer arkaly öndürilen gaýygyň ululygy saçyň üçden bir bölegine barabar. Bu gaýygyň lukmançylyk ylmynda ulanylmak üçin işlenip taýýarlanandygy habar berildi. Niderlandlaryň Leýden uniwersitetiniň fizigi Raçel Dohertiniň hem-de Danýela Kraftyň döreden gaýygynyň ululygy 30 mikrometre barabar. Ony öndürmek üçin üç ölçegli printer bilen bir hatarda elektron mikroskopdan hem peýdalanylypdyr. Hünärmenler gaýykdan başga-da şol ululykda globus, spiral we beýleki bölejikleri hem öndürdiler.