3-nji noýabrda ABŞ-da ählumumy saýlawlar geçirildi. Häzirki wagtda sesleri sanamak işleri ýurtda dowam edýär. Amerikan administrasiýasynyň häzirki başlygy, respublikaçy Donald Tramp we demokrat Jozef Baýden döwlet baştutany wezipesine dalaş edýär, ABŞ-nyň wise-prezidentligine dalaşgärler bolsa, Maýkl Pens we Kamala Harris. ABŞ-da geçirilen umumy saýlawda 35 senator, Wekiller palatasynyň 435 agzasy, ştatlaryň we sebitleriň 13 häkimi we ýerli hökümet saýlandy.

Häzirki wagtda dürli ştatlardan Jozef Baýdeniň partiýasynyň 264 wekili, Donald Trampyň 214 deputaty saýlandy. Däp boýunça prezidentlige dalaşgäriň partiýasyndan 270 wekiliň saýlanandygy mälim edilende, dalaşgäş Prezident bolandygyny yglan edýär. Ýurtda hereket edýän kanunçylyga görä, saýlawçylar prezidentlige dalaşgäre däl-de, şol partiýanyň wekillerine ses berýär. Şol sebäpli iň köp ses alan däl, iň köp wekili saýlanan partiýanyň dalaşgäri ýeňiji bolýar.