Wengriýalylar işe gitmek üçin ýa-da güýmenje hökmünde köplenç welosiped ulanýarlar. Ýurduň welosipedçiler jemgyýeti tarapyndan geçirilen barlaglarda, wagtal-wagtal welosiped sürýän wengerleriň umumy ilatyň 71 göterimini düzendigi belli boldy. 2018-nji ýylda geçirilen öňki barlaglar bilen deňeşdirilende, bu paý bir göterim ýokarlandy. Şeýle-de bolsa, diňe Wengriýanyň paýtagtynda bu görkeziji 6 göterim ýokarlandy we 57 göterimden ybarat boldy.
Wengriýalylaryň takmynan 16 göterimi welosipedi gündelik esasy ulag serişdesidigini aýtdylar. Ilatyň 40 göterimi awtoulagyň esasy ulag serişdesidigini, 26 göterimi jemgyýetçilik ulaglaryndan peýdalanýandygyny we 14 göterimi pyýada ýöreýändigini tassykladylar.