Mejlisde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň geçen on aýyň dowamynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi, içeri we daşary syýasatyň beýleki möhüm meselelerine garaldy. Şol wezipeleriň çözülmegi ýurdumyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe söz berdi.
Wise-premýer hasabatyny edermen pagtaçylaryň «ak altyn» taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamany ýerine ýetirendigi baradaky hoş habardan başlady. Şeýle hem ýurdumyzda bugdaý ekişi üstünlikli tamamlandy: geljek ýylyň hasyly üçin 690 müň gektar meýdana däne ekildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary milli Liderimize şu ýylyň on aýynyň jemleri boýunça gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat bermek bilen, oba hojalyk toplumy boýunça önümçiligiň umumy mukdarynyň, ýerine ýetirilen işleriň ösüşiniň 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, 104,2 göterime barabar bolandygyny habar berdi.
Şunda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça bu görkeziji 104 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 105,9 göterime, «Türkmen atlary» döwlet birleşigi boýunça 103,5 göterime deň boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 137 göterim ýerine ýetirildi.
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky Nowruz ýaýlasynda geçiriljek ählihalk bag ekmek dabarasyna hem-de däp bolşy ýaly, noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde bellenilýän Hasyl toýy mynasybetli geçiriljek dabaralara görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi bilen eziz Diýarymyzyň merdana «ak altyn» ussatlaryny hem-de ähli oba hojalyk işgärlerini tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan tutanýerli işlerinde geljekde hem uly üstünlikleri arzuw etdi.
Milli Liderimiz zähmetde tapawutlanyp, ýokary netijeleri gazanan oba hojalyk işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak barada karara gelendigini aýdyp, degişli Permana gol çekdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryna ýüzlenip, ekologiýa meseleleriniň hemişe biziň daşary we içeri syýasatymyzyň örän möhüm ugrudygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz 7-nji noýabrda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ýagny bag ekmek boýunça ekologiýa çäresini guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow şu ýylyň on aýynda ýurdumyzyň makroykdysady görkezijileriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe jemi içerki önüm 5,8 göterim artdy. Şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda, 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 4,1 göterim, bölek satuw haryt dolanyşygy, 18,9 göterim ýokarlandy.
Şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 109,2 göterim, çykdajy bölegi bolsa 87,4 göterim ýerine ýetirildi.
On aýyň netijeleri boýunça ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 10,3 göterim köpeldi.
Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň mukdary 25 milliard manada deň boldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýeriň gözegçilik edýän ulgamlarynyň edaralarynyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramagyň wajypdygyny belledi.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady kuwwatynyň netijeli peýdalanylmagynyň türkmenistanlylaryň abadan durmuşyny üpjün etmäge ýardam etmelidigini belläp, hususylaşdyrmak we senagatlaşdyrmak, sanly ulgama geçmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek işlerini işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz bir aýyň dowamynda 2020–2025-nji ýyllarda döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak we özgertmek strategiýasyny tassyklamaga bermegi we Türkmenistanyň Mejlisi bilen bilelikde hususylaşdyrmak hakyndaky kanunlarymyzy täzelemegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow milli Liderimize nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösdürmegiň Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, gözegçilik edýän ulgamlarynda on aýda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Geçen on aýda nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşy boýunça meýilnamanyň 101 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasynyň 102,4 göterim, benzin öndürmek boýunça meýilnamanyň 107,5 göterim, dizel ýangyjyny öndürmek baradaky meýilnamanyň 106,4 göterim, tebigy we ugurdaş gazy çykarmak baradaky meýilnamanyň 100,1 göterim, «mawy ýangyjy» eksport etmek boýunça meýilnamanyň 100,2 göterim, maýa goýumlary özleşdirmek baradaky meýilnamanyň 106,2 göterim ýerine ýetirilendigi habar berildi. Suwuklandyrylan gaz önümçiliginiň ösüşi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 123,6 göterime barabar boldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere ýüzlenip, ýangyç-energetika toplumynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň hem-de döwrebaplaşdyrmagyň möhümdigini aýtdy. Milli Liderimiz pudakda öndürilýän önümleriň we tebigy gazyň eksportuny artdyrmalydygyny, zawodlaryň kuwwatlyklarynyň doly ulanylmalydygyny, nebitgaz toplumyna maýa goýumlary çekmek boýunça anyk çäreleriň görülmelidigini nygtady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow ulag we kommunikasiýa toplumyna degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe olar önümçilik meýilnamasyny 118,4 göterim ýerine ýetirdiler.
«Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça ösüş 101,8 göterime, «Türkmendemirýollary» agentligi boýunça–112,6 göterime, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça–112,9 göterime deň boldy. «Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça hem hasabat döwründe degişli işler alnyp baryldy.
Awtomobil, demir ýol, howa we deňiz ulaglary arkaly ýük daşamak hem-de ýolagçy gatnatmak boýunça meýilnama degişlilikde 111,6 göterime we 100,6 göterime deň boldy. «Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça ösüş 108,5 göterime ýetdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, degişli ugurda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmegiň, pudaklary döwrebaplaşdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere sanly ulgama geçmek boýunça taslamalary amala aşyrmagy çaltlandyrmak hem-de onuň üpjünçilik ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns bermek barada anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew şu ýylyň on aýynda gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe gurluşyk-senagat toplumynda önüm öndürmek we hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça bellenilen meýilnama 116,2 göterim ýerine ýetirilip, ösüş 122,1 göterime barabar boldy. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça ýylyň başyndan bäri amala aşyrylan işler boýunça meýilnama 109,8 göterim ýerine ýetirilip, 108,2 göterim ösüş gazanyldy. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça hasabat döwründe öndürilen önümleriň hem-de ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 104 göterim berjaý edildi, ösüş 107,8 göterime deň boldy. Energetika ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüşi 132,6 göterime deň bolup, meýilnama 118,7 göterim ýerine ýetirildi. Elektrik energiýasyny öndürmek boýunça meýilnama 106,1 göterim ýerine ýetirilip, 118,8 göterim ösüş gazanyldy. «Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan önüm öndürmek we hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça meýilnama 131,3 göterim ýerine ýetirildi, ösüş 156,5 göterime barabar boldy. Aşgabat şäheriniň häkimligi tarapyndan ýerine ýetirilen işler hem-de hyzmatlar boýunça meýilnama 114 göterim berjaý edildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere gurluşyk toplumynda özgertmeleri gysga wagtda amala aşyrmagy, bu ugurdan zerur bolan hünärmenleri taýýarlamagy, toplumyň kärhanalarynyň ýagdaýyny seljermek işlerini çaltlandyrmagy tabşyrdy. Milli Liderimiz bu kärhanalary döwrebap ýagdaýa getirmek boýunça teklipleri bermek ýa-da hususylaşdyrmak barada aýratyn görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow on aýda gözegçilik edýän söwda we dokma pudaklarynda, şeýle hem telekeçilik ulgamynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça hasabat döwründe haryt dolanyşygynyň mukdarynyň ösüşi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 108,6 göterime barabar bolup, önüm öndürmek boýunça 107 göterim ösüş gazanyldy.
Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary tarapyndan çykarylan önümleriň, şol sanda pagta ýüplüginiň we nah matalaryň önümçiliginiň mukdary degişlilikde, 104 göterime we 101,2 göterime, tikin hem-de örme önümleriniň çykarylyşynyň möçberi 117,4 göterime, gön önümleriniň çykarylyşynyň möçberi 103,2 göterime deň boldy. «Türkmenhaly» döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 111,8 göterim ýerine ýetirildi. Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan ýanwar-oktýabr aýlarynda birža söwdalarynyň 231-si geçirilip, 23 müň 62 şertnama baglaşyldy. Söwda-senagat edarasy boýunça amala aşyrylan işleriň ösüşi 107,1 göterime barabar boldy. Şu döwürde sergileriň 5-si hem-de wideoaragatnaşyk arkaly maslahatlaryň 25-si geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça senagat önümleriniň öndürilişiniň mukdary 133 göterim, oba hojalyk we azyk önümleriniň möçberi 110,2 göterim ýokarlandy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ilatyň sarp edýän harytlarynyň öndürilýän möçberini artdyrmak boýunça işleri mundan beýläk-de dowam etmegi tabşyryp, bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiz gyş möwsüminiň golaýlap gelýändigine, şunuň bilen baglylykda, bazarlarymyzyň we dükanlarymyzyň, aýratyn hem baýramçylyk günleri dürli önümler bilen bolelin üpjün edilmegini hemişe gözegçilikde saklamagyň günüň talabydygyna ünsi çekip, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň alyp barýan işleriniň depginini ýokarlandyrmagy tabşyryp, olara geljekde-de goldaw beriljekdigini nygtady. Şunuň bilen bir hatarda, milli Liderimiz oba hojalyk önümlerini öndürýän hususy oba hojalyk firmalarynyň işlerini işjeňleşdirmek barada degişli görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamynda «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçýän şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe dürli çäreleriň guralandygy, dünýäniň dürli döwletleri bilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça işleriň dowam etdirilendigi bellenildi. Wideoaragatnaşyk arkaly halkara ähmiýetli çäreler geçirildi hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek hakynda daşary ýurtlaryň döwlet edaralarynyň arasynda diplomatik ýollar arkaly birnäçe resminamalaryň taslamalary işlenip taýýarlanyldy.
Medeniýet ulgamynyň edaralarynyň, şol sanda muzeýleriň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak, olara wirtual syýahaty ýola goýmak boýunça degişli işler alnyp baryldy. Hasabat döwründe Türkmen döwlet neşirýat gullugy boýunça önümçilik meýilnamasy 106,9 göterim ýerine ýetirildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, medeniýet ulgamynyň edaralarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň, olaryň işine sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmagyň, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň wajypdygyny nygtady.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli dabaralara taýýarlyk görmäge we geçirmäge, teleradioýaýlymlarda Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň uly ähmiýetini tutuş dünýäde wagyz edýän, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy wasp edýän çuň many-mazmunly gepleşikleri, teatrlarda täze sahna oýunlaryny döretmäge aýratyn üns bermegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow gözegçilik edýän bilim, saglygy goraýyş, ylym we sport ulgamlarynda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy işler seljerildi. Golýazmalaryň 891-sine seredilip, şolaryň 869-sy makullanyldy, oýlap tapyşyň bäşisine patent alyndy, innowasiýa tehnologiýalarynyň 4-si önümçilige ornaşdyryldy.
Türkmen hünärmenleri halkara ýaryşlarynda çykyş etmek maksady bilen, türgenleşmek işlerini dowam edýärler. Biziň milli ýygyndy toparymyz 32-nji tomusky Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görmek üçin, Olimpiýa şäherjiginde sportuň 7 görnüşi boýunça türgenleşýärler.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 25 ýyllygy mynasybetli sportuň awtomobil görnüşi boýunça ýurdumyzyň birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi. Hasabat döwründe içerki ýaryşlaryň 65-si hem-de köpçülikleýin sport çäreleriniň 58-si geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmak Maksatnamasyna laýyklykda, ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň ähli basgançaklarynyň maddy-enjamlaýyn hem-de ylmy- usulyýet binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işleri güýçlendirmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugruny durmuşa geçirmek bilen baglylykda, Daşary işler ministrliginiň ýanwar-oktýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.
Milli Liderimiziň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek hem-de öňde goýlan wezipeleri çözmek maksady bilen, hasabat döwründe degişli işler geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň 11-nji martda Azerbaýjan Respublikasyna resmi saparynyň bolandygy hem-de 17-nji sentýabrda Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň ýurdumyza iş saparyny amala aşyrandygy bellenildi.
Döwlet Baştutanymyz şeýle hem göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşyklaryň birnäçesine gatnaşdy, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisine we Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlygy boýunça halkara forumyna gatnaşyjylara wideoýazgy arkaly ýüzlendi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretary hem-de birnäçe döwletleriň ýolbaşçylary bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirildi. Şolaryň barşynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hasabat döwründe Daşary işler ministrliginiň üsti bilen Türkmenistana daşary ýurt wekiliýetleriniň 40-sy geldi. Şol döwürde ýurdumyzyň wekiliýetleriniň 86-sy daşary ýurtlara iberildi. Göni wideoaragatnaşyk arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 816-sy geçirildi. Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, ýylyň dowamynda halkara resminamalarynyň 92-sine gol çekildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, wise-premýere, daşary işler ministrine Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna gabatlanan maslahatlara we beýleki çärelere ykjam taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz dünýädäki häzirki ýeňil bolmadyk ýagdaýy göz öňünde tutup, geljek ýylyň halkara çäreleriniň, saparlaryň, geçiriljek halkara maslahatlarynyňdyr duşuşyklarynyň meýilnamalarynyň üstünde işlemegiň wajypdygyny nygtap, bu meseleleriň ählisine şu ýylyň ahyrynda garaljakdygyny belledi.
Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek boýunça şu ýylyň on aýynda milli Parlamentiň alyp baran işleriniň netijeleri barada maglumat berdi.
Hasabat döwründe milli Parlamentiň maslahatlarynyň 4-si geçirilip, şolarda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 57-si hem-de Mejlisiň Kararlarynyň 38-si kabul edildi.
Mejlisiň 2020-nji ýyl üçin kanun çykaryjylyk işiniň meýilnamasyna laýyklykda, iş toparlarynda täze kanunçylyk namalarynyň taslamalaryny taýýarlamak işi dowam etdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Mejlisiň Halk Maslahatynyň çözgütlerini durmuşa geçirmek, döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm wezipelerini nazara almak bilen, kämilleşdirilýän kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça alyp barýan işiniň örän wajypdygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz döwrüň käbir kanunçylyk namalarynyň kämilleşdirilmegini talap edýändigine ünsi çekip, Türkmenistanyň «Hususylaşdyrmak hakyndaky» Kanunyny muňa mysal getirdi. Milli Liderimiz hususylaşdyrmak boýunça işleriň ilerledilmelidigini, orta we kiçi döwlet kärhanalaryny hususyýetçilige bermegiň gurallaryny kesgitlemegiň möhümdigini belläp, durmuş-ykdysady özgertmeleri amala aşyrmagyň şu we beýleki ugurlaryny kanunçylyk taýdan goldamagyň zerurdygyny nygtady.
Soňra paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri şanly senelere, hususan-da, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy hem-de Hasyl baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdiler.
Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp we şanly seneler mynasybetli geçiriljek dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň möhümdigini belläp, açylmagy meýilleşdirilen desgalarda işleriň öz wagtynda tamamlanmagyna ünsi çekdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz şu ýylyň on aýynyň jemini jemläp, onuň ýurdumyzyň daşary we içeri syýasatynyň bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda alnyp barylýandygyny görkezýändigini belledi.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde öňküsi ýaly ýokary ösüş depginleri saklanyp galýar. Kesgitlenen tabşyryklaryň çäklerinde halk hojalygynyň ähli pudaklarynda diýen ýaly önümçiligiň möçberleri artdy, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberi ýokarlandyryldy. Köpsanly önümçilik we durmuş maksatly desgalar ulanmaga berildi diýip, milli Liderimiz belledi.
Häzirki döwür bizden ykdysadyýetiň sazlaşykly işini bozman, onuň ösüşini işjeňleşdirmek hem-de dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän üýtgeşmelere garamazdan, öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmegini gazanmak üçin gyssagly çäreleri görmegi talap edýär. Biziň öňümizde şu ýyl gazanan ösüş depginimizi saklap galmak hem-de geljek ýylda ony has-da artdyrmak wezipesi durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.