1-nji noýabrda Moldowa Respublikasynda geçirilen Prezident saýlawlarynyň birinji tapgyrynda «Ýewropa tarapdar hereket we raýdaşlyk» partiýasynyň lideri Maýýa Sandu sesleriň 36,16 göterimine, häzirki döwlet baştutany Igor Dodon bolsa 32,61 göterimine eýe boldy. Bu barada Merkezi saýlaw topary mälim etdi. Maglumatlara görä, sekiz dalaşgäriň hiç biri hem zerur bolan 50 göterimden gowrak sesi gazanyp bilmedi. Saýlawlara gatnaşyk 43 göterim töweregi boldy. Saýlawlaryň ýeňijisi 15-nji noýabrda geçiriljek ikinji tapgyrda belli bolar. Moldowada öňki Prezident saýlawlary 2016-njy ýylyň 13-nji noýabrynda geçirilipdi. Igor Dodon şol ýylyň 23-nji dekabrynda döwlet baştutany wezipesine girişipdi.