3-nji noýabrda ABŞ-da ählumumy saýlawlar geçirildi. Häzirki wagtda sesleri sanamak işleri gyzgalaňly dowam edýär. Amerikan administrasiýasynyň häzirki ýolbaşçysy, respublikaçy Donald Tramp we demokrat Jozef Baýden döwlet baştutany wezipesine dalaş edýär. ABŞ-nyň wise-prezidentligine dalaşgärler bolsa, Maýkl Pens we Kamala Harrisdir. ABŞ-da geçirilen ählumumy saýlawda 35 senator, Wekiller palatasynyň 435 agzasy, ştatlaryň we sebitleriň 13 häkimi we ýerli häkimiýetler saýlandy. Häzirki saýlawlarda Jozef Baýden öňde barýar. Ýeňiş gazanmak üçin prezidentlige dalaşgär 270 saýlaw wekiliniň sesini almaly. Birnäçe ştatlarda bolsa, ses berişligiň netijeleri heniz belli däl. Prezident saýlawlarynyň netijeleri boýunça kasam kabul edişlik dabarasy 2021-nji ýylyň 20-nji ýanwaryna meýilleşdirilýär.
Jozef Baýden saýlanan halatynda, ABŞ-nyň taryhynda ýurduň iň garry Prezidenti bolar we 78 ýaşynda Prezident wezipesine girişer. Şeýle-de ABŞ-nyň wise-prezidenti wezipesine dalaşgär Kamala Harris bellenen halatynda, bu wezipede ilkinji zenan bolar. Bu ABŞ-nyň taryhynda 70 ýaşdan geçen respublikaçy we demokrat dalaşgärleriň ilkinji Prezident saýlawydyr. Bu saýlawlara 165 million amerikaly (72,1 göterim) gatnaşyp, ABŞ-nyň taryhyna girdi.
ABŞ-nyň Konstitusiýasynyň ikinji maddasyna laýyklykda, ABŞ-nyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlik etmek üçin ýaşy 35-den ýokary bolan, ABŞ-da doglan we ýurduň çäklerinde azyndan 15 ýyl ýaşan ABŞ-nyň raýaty bolmaly.