Hy­taý­da soň­ky 10 ýyl­da il­kin­ji ilat ýa­zu­wy baş­la­dy. HHR-iň Döw­let sta­tis­ti­ka gul­lu­gy­nyň ha­ba­ry­na gö­rä, al­nan mag­lu­mat­la­ry gaý­ta­dan iş­le­mek we sel­jer­mek üçin iki ýyl tö­we­re­gi wagt ge­rek bo­lar. Hä­zir­ki de­mog­ra­fik ýag­daý ba­ra­da mag­lu­mat ýyg­na­mak de­kabr aýy­nyň ba­şy­na çen­li do­wam eder. Bu işe 7 mil­li­on­dan gow­rak adam gat­naş­ýar.
Şeýle çä­re ar­ka­ly di­ňe Hy­ta­ýyň umu­my ilat sa­ny anyk­la­nyl­man, eý­sem, gen­der deň­li­gi, iş, bi­lim, ýurt­da ýa­şa­ýan adam­la­ryň ýa­şy ba­ra­da mag­lu­mat ýyg­na­mak hem me­ýil­leş­di­ril­ýär. Ilat ýa­zu­wy­nyň do­wa­myn­da di­ňe bir ýur­duň ra­ýat­la­ry ba­ra­da däl, eý­sem, al­ty aý­dan gow­rak wagt bä­ri HHR-de ýa­şa­ýan da­şa­ry ýurt­lu­lar ba­ra­da hem mag­lu­mat­lar ýyg­na­lar.
Mun­dan ozal Hy­taý­da ilat ýa­zu­wy 1953, 1964, 1982, 1990, 2000 we 2010-njy ýyl­lar­da ge­çi­ril­ip­di. Iň soň­ky res­mi mag­lu­mat­la­ra gö­rä, 2019-njy ýyl­da Hy­ta­ýyň ila­ty 1,4 mil­liard ada­ma deň bol­dy.