Boýy 2,21 santimetre deň bolan 14 ýaşly hytaýly mekdep okuwçysy «Iň uzyn ýetginjek» ugry boýunça Ginnesiň rekordlar kitabyna girmäge dalaşgärlik edýär. Žen Keýuý atly dalaşgär Hytaýyň günorta-günbataryndaky Siçuan welaýatynyň Leşan şäherindäki orta mekdepde okaýar. Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekili, oglanjygyň 14 ýaşynyň dolan güni bu rekordy hasaba almak üçin 18-nji oktýabrda Leşana geldi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň düzgünlerine laýyklykda, «Iň uzyn ýetginjek» rekordyna dalaş edýänleriň ýaşy 13-18 ýaş aralygy bilen çäklenýär. Bu ugurdaky öňki rekord eýeleriniň hemmesi indi 18 ýaşdan geçdi. Rekordy hasaba alyş Leşan şäheriniň hassahanasynda geçirildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekili hassahananyň lukmanlarynyň gatnaşmagynda oglanjygyň 2,21 santimetr boýuny bellige aldy. Onuň netijeleri Žen Keýuýy täze rekord eýesi edip biler. Iň soňky netijeleriň Londonyň Ginnesiň rekordlar kitabynyň baş edarasynyň ýörite topary tarapyndan gözden geçirilenden soň mälim edilmegine garaşylýar.
Mundan öň iň uzyn ýetginjek 1998-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda doglan amerikaly Kewin Bredforddy. Onuň boýy 2015-nji ýylyň aprelinde ölçenende 2,16 santimetr boldy. Gyzlaryň arasynda «Iň uzyn gyz» Rumeýsa Gelgi bolup, ol 1997-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Türkiýede dünýä indi. Onuň boýy 2014-nji ýylyň 19-njy martynda ölçenende 2,14 santimetre deň boldy.