10-njy noýabrda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurlan durmuş-medeni maksatly iri desgalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy.
Barha gözelleşýän Aşgabadyň günbatar böleginde milli Liderimiziň Kararyna laýyklykda belent ýaşaýyş jaýlaryny özünde jemleýän gözel künjek peýda boldy. Bu ýerde zerur ýol-ulag düzümi döredildi, aýlawly awtomobil çatrygynyň merkezini bolsa täsin “Türkmen alabaýy” ýadygärlik binasy bezeýär. Şeýle hem şäheriň bu böleginde iň häzirki zaman talaplaryna, dynç alyş we hyzmatlar ulgamynyň desgalaryna bildirilýän talaplara kybap gelýän “Gül zemin” söwda-dynç alyş merkezi bina edildi.

Türkmenistanda uly ählihalk baýramçylyklarynyň öňüsyrasynda täze binalary açyp ulanmaga bermek asylly däbe öwrüldi. Şu ýyl Watanymyzyň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň şanly 25 ýyllyk senesine beslendi. Bu uly baýramyň öňüsyrasynda dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň 1008 maşgalasy Aşgabadyň täze ýaşaýyş jaý toplumlarynda ähli amatlyklary bolan öýleriň açarlaryny aldylar. Munuň özi 5 müňden gowrak adama barabardyr. Binalaryň buýrujylary hökmünde, paýtagtymyzyň şäher häkimligi hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi çykyş etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Kararyna laýyklykda bina edilen täze ýaşaýyş jaý toplumy Magtymguly şaýolunyň ugry bilen, Taslama we Tähran köçeleriniň arasyndaky giň çäkde Aşgabadyň ajaýyp binagärlik keşbine sazlaşykly utgaşdy.

Ir bilen bu ýerde uly baýramçylyk we ýokary ruhubelentlik ýagdaýy emele geldi. Dabara Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar.
Ýygnananlaryň ählisi döwlet Baştutanymyzy ägirt uly ruhubelentlik bilen garşylaýarlar.
Hormatly Prezidentimiz täze ýaşaýyş jaý toplumynyň öňünde gurnalan baýramçylyk görnüşinde bezelen derwezäniň ýanyna barýar. Bu ýerde milli Liderimizi çagalar uly şatlyk bilen garşylaýarlar, olar joşgunly goşgulary aýdýarlar. Döredijilik toparlary mähriban hem-de abadan Watanymyzy, agzybir we jebis türkmen halkyny hem-de Gahryman Arkadagymyzy wasp edýän ajaýyp öwüşginli aýdym-tans maksatnamasy bilen çykyş edýärler.
Tolgundyryjy pursat ýetip gelýär: milli Liderimiz körpeler bilen bilelikde baýramçylyk görnüşinde bezelen derwezäniň ýanyna barýar hem-de dabaraly ýagdaýda, ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda toý bagyny kesip, paýtagtymyzyň täze binalar toplumyny açýar. Şol pursatda asmana dürli reňkdäki şarlar uçurylýar.
Döwlet Baştutanymyz çagalar bilen bilelikde täze binalar bilen tanyşlyga başlaýar. Aşgabady ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde bu ýerde 12 gatly 48 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 6-sy hem-de 72 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 10-sy bina edildi, şolaryň hemmesi ähli ýokary amatlyklary bolan we otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan öýlerdir. Ýanaşyk ýerlerde ähli degişli düzümler göz öňünde tutulyp, umumy uzynlygy 5 kilometr 564 metre deň bolan täze ýollar çekildi, olar zerur tehniki serişdeler, ýerasty pyýada geçelgeler hem-de ýolagçy ulaglar üçin duralgalar bilen üpjün edildi.
Desgalaryň ýanaşyk çäkleri doly abadanlaşdyryldy we agaç nahallary oturdyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryndan we maslahatlaryndan ugur alnyp, täze binalaryň ulanyş mümkinçiliklerine, ekologiýa we bezeg häsiýetnamalaryna uly üns berildi. Dynç alyş we sport bilen meşgullanmak üçin ýörite zolaklar oýlanyşykly ýerleşdirilipdir we abadanlaşdyrylypdyr. Täze binalaryň körpe ýaşaýjylar üçin çagalar oýun meýdançalary gurnalyp, olar şeýle desgalara mahsus zerur derejede enjamlaşdyrylypdyr.
Täze belent ýaşaýyş jaýlarynyň daşky bezeginiň aýratynlyklaryny hem bellemek gerek – olary köpöwüşginli mozaika pannolar bezeýär, şolaryň her biri özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Bu giň möçberli “nakgaşlyk eserlerinde” Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň buýsançly nyşanlary, onuň dürli ulgamlarda gazanan üstünlikleri hem-de nurana geljege tarap bedew bady, halkymyzyň baý taryhy we medeniýeti öz beýanyny tapypdyr.
Mozaikaly suratlar jaýlaryň buýrujylary hökmünde çykyş eden ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işiniň ugurlaryny şöhlelendirýär. Olary döretmekde reňk öwüşgüninden başlap, bezeg ugurlaryna hem-de beýan edilen keşplere çenli her bir zat göz öňünde tutuldy. Bezeg işlerinde täzeçil tehnologiýalaryň hem-de milli bezegiň äheňleriniň işjeň ulanylmagy binalaryň gözelligini has-daartdyrýar.
Täze 12 gatly ýaşaýyş jaýlarynda amatly we abadan ýaşamak üçin ähli şertler döredilendir. Girelgeler, aşhanalar we ýaşaýyş otaglary her bir öýlerde goýlan dürli ölçegdäki iki smart-telewizorlar ýaly ýurdumyzda öndürilen mebeller bilen gurnalandyr. Ýurdumyz üçin täze bolan bu önümiň çykarylyşy döwlet Baştutanymyz tarapyndan öňe sürlen elektron senagatyny döretmek we ösdürmek boýunça maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýola goýuldy. Bilelikdäki “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti tarapyndan öndürilýän “Tolkun”, “Zemin” we “Älem” smart-telewizorlary alyjylaryň arasynda uly islegden peýdalanýar. Bu önümler dünýä ölçeglerine kybap gelýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýolugra täze jaýlaryň birine bardy. Şol ýerde hormatly Prezidentimiz öz ýanyndaky çagalara sowgatlary gowşurdy hem-de olar bilen ýadygärlik surata düşdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz jaýyň içine girdi Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň düzümleriniň biriniň baş hünärmeni Resul Myradowyň maşgalasy göçüp baran öýüne bardy.
Öý eýesi milli Liderimizi mähirli garşylap hem-de halkyň abadançylygy baradaky çäksiz aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi, öz maşgalasynyň dört adamdan ybaratdygy barada gürrüň berdi. Öý bikesi Gunça, olaryňi iki sany çagasy –gyzy Mähekjemal we ogly Muhammetnur bar. Ýaş maşgalanyň baştutany ýokary bilimli hünärmen bolup, şol ugurda zähmet çekýär.
Hormatly Prezidentimiz R.Myradowyň maşgalasyny täze jaý bilen gutlap we otaglarynyň ýerleşdirilişi hem-de abadanlaşdyrylyşy bilen gyzyklanyp, hemme ugurlarda türkmenistanlylaryň mynasyp durmuşyny üpjün etmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi.
Milli Liderimiz öýi gözden geçirip, söhbetdeşligiň barşynda myhmansöýer öý eýesinden işi, maşgalanyň ýaşaýyş-durmuşy hem-de täze jaýyň ýaşaýjylary üçin göz öňünde tutulan amatlyklar barada sorady. R.Myradow öz öýünden hem-de bu ýerde ýaşamak üçin döredilen şertlerden örän hoşaldygyny aýtdy. Öýde döredilen oýlanyşykly ugurdaş düzüm hem ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamaga ýardam edýär.
Hormatly Prezidentimiz şeýle hem ýaş maşgala gymmatly sowgady gowşurdy.

Öý eýeleri muňa jogap edip, däp bolan toý paýyny gowşurdylar hem-de milli Liderimize ýaş maşgalalaryň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak hem-de olara goldaw bermek meselelerine berýän hemişelik ünsi üçin öz hoşallyklaryny beýan etdiler.

Döwlet Baştutanymyz öý eýeleri bilen hoşlaşyp, olara berk jan saglyk, bagt we maşgala abadançylygyny arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz iki gyrasyny ak mermerli belent binalar gurşap alan ýoluň ugrunda täze ýaşaýyş toplumlary bilen tanyşmagyny dowam etdi.

Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, Medeniýet ministrligi, Energetika ministrligi, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, “Türkmen standartlary” baş döwlet gullugy, “Türkmengaz” döwlet konerni, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi. Türkmenistanyň Merkezi banky hem-de ýokarda bellenilişi ýaly, Aşgabat şäheriniň häkimligi hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi belent ýaşaýyş jaýlarynyň buýrujylary hökmünde çykyş etdiler.

Desgalaryň gurluşygyny ýurdumyzyň ugurdaş kompaniýalary amala aşyrdylar. Şolaryň hatarynda “Aşgabdatgurluşyk” öümçilik birleşigi, “Weli gurluşyk”, “Nusaý ýollary”, “Rysgally zähmet”, “Çakmak daşy”, “Bereketli” hususy kärhanalary, “Altyn nesil”, “Ajaýyp bina” hojalyk jemgyýetleri bar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tegelek görnüşli ýol çatrygyna barýar, şol ýerde “Türkmen alabaýy” atly heýkel oturdylypdyr.
Alabaýyň heýkelini oturtmak, şeýlelikde, bu ajaýyp hem-de gaýduwsyz we mähirli ýüregi bolan alabaýlara hormat-sarpa goýmak, milletiň tayhynda hem-de halkymyzyň durmuşynda eýeleýän ornuny aýratyn bellemek başlangyjy döwlet Baştutanymyzyň hut özüne degişlidir.

Magtymguly şaýolunyň esasy çatryklarynyň biriniň baş bezegine öwrülen heýkelde alabaýlaryň özboluşly aýratynlygy öz beýanyny tapypdyr. Heýkel örän uly bolup görünýär: itiň şekiliniň beýikligi 6 metre barabardyr. Ol beýikligi 9 metre barabar bolan postamentde ornaşdyryldy. Şeýlelikde, diametri 36 metre barabar bolan meýdançada ýerleşen 15 metrlik heýkel ähli tarapyndan we alyslardan oňat görünýär.
Soňra hormatly Prezidentimiz täze binalary we baýramçylyk dabaralaryny synlap, ýoluny dowam etdi.
Toý dabarasy täze açylýan “Gül zemin” söwda-dynç alyş merkezinde dowam etdi. Bu ýerde milli Liderimizi sungat ussatlary ruhubelentlikli çykyşlary bilen garşyladylar.

Magtymguly şaýoly bilen Taslama köçesiniň çatrygynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyk işlerini ýurdumyzyň “Altyn” hojalyk jemgyýetiniň işgärleri ýerine ýetirdi. 3,8 gektar meýdany bolan taslamada 43 müň 560 inedördül metr ýerde üç gatly bina guruldy. Onuň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyryldy we gök zolaklar döredildi. Şeýle bu ýerde ýollar, ýanýodalar, kömekçi desgalar bina edildi. Bu ýerde köpsanly söwda nokatlardyndan başga-da, onda jemgyýetçilik iýmiti kärhanasy ýerleşdi. Bu ýerde 800 orunlyk we 400 orunlyk toý dabaralaryny geçirmek üçin iki zal, 200 orunlyk we 100 orunlyk restoranlar, 5 sany çaýhana bar. Binanyň birinji gatynyň 15 müň inedördül metrden gowrak ýerinde bölek söwda dükany bar. Alyjylara ýokary hilli harytlary we hyzmatlary hödürleýän marketler, söwda dükanlarynyň 65-si ýokary häzirki zaman ülňüleri esasynda enjamlaşydyryldy. Şeýle hem bu ýerde durmuş hyzmatlary edarasy we dermanhana ýerleşýär.
Binanyň üçünji gatynda her biri 90 orunlyk kinozallaryň ikisini, bir wagtyň özünde çagalaryň 300-sini kabul edip biljek dürli attraksionlary öz içine alýan dynç alyş we şüweleňler zolagy ýerleşýär. Iň körpeler üçin oýun meýdançalarynyň 4-si göz öňünde tutulypdyr. Çagalar şolarda wagtlaryny gyzykly geçirip bilerler.
Merkez döwrebap tehniki enjamlar—amatly liftleriň 10-sy, eskalatorlaryň 6-sy we beýlekiler bilen üpjün edildi.
Hormatly Prezidentimiz binanyň içine girýär hem-de täze sjwda toplumynda döredilen şertler bilen tanyşýar. Döwlet Baştutanymyz merkeze baryp görmeginiň barşynda binanyň merkezini gözden geçirýär. Ak mermerli Aşgabadyň ajaýyp binalary, Köpetdagyň täsin görnüşleri, ahalteke bedewleri şekillendirilen täsin görnüşler onuň bezegidir.
Döwlet Baştutanymyz eskalatorda merkeziň ikinji gatyna galýar. Şol ýerde gündogar köşk görnüşinde bezelen uly banket zaly ýerleşýär. Bu ýerde köp adamlyk baýramçylyk dabaralary, ilkinji nobatda bolsa, toýlary geçirmek üçin ähli amatlyklar göz öňünde tutulypdyr. Şolarda ýaş çatynjalaryň ýakynlary hem-de dostlary täze maşgalanyň döredilmeginiň şatlygyny paýlaşyp bilerler. Milli Liderimiz stollaryň ýokary derejede bezelişine mynasyp baha berdi.
Bu ýerde hormatly Prezidentimize ol jaýyň hem-de “Gül zemin” merkezindäki beýleki dynç alyş desgalarynyň enjamlaşdyrylyşy hem-de üpjünçiligi barada gürrüň berdiler.

Milli Liderimiz Söwda-dynç alyş merkeziniň gündogar bezegini ulanmak arkaly ýerine ýetirilen içki bezegine mynasyp baha berdi. Diwardaky pannolar hem söwda merkeziniň döwrebap içki bezegi bilen sazlaşýar. Şolarda halkymyzyň taryhy-medeni mirasy hem-de mähriban topragymyzyň tebigy baýlyklary beýan edilýär.
Döwlet Baştutanymyz merkezi gözden geçirmegi dowam edip, çaga egin-eşikleriniň dükanyna bardy we körpe alyjylara hödürlenilýän önümleriň görnüşleri bilen tanyşdy. Bu ýerde islendik ýaşdaky çagalar üçin oňaýly we owadan eşikleri satyn alyp bolýar.
Hormatly Prezidentimiz ýolugra dynç alyş we şüweleňler üçin niýetlenen jaýy hem synlady, şol ýerde çagalaryň boş wagtlaryny gyzykly geçirmekleri üçin ähli şertler döredildi. Dürli attraksionlar hem-de oýun meýdançalary çagalary özüne çekip biler. Şol ýerde wagtyňy şadyýan we gyzykly geçirip bolýar. Bu ýerde ýerleşýän kinozallaryň ikisinde çagalar üçin niýetlenen animasion we çeper filmlere tomaşa etmek körpelerde uly kanagatlanma döreder.
Attraksionlaryň hem-de oýun awtomatlarynyň köpdürlüligi haýran galdyrýar. Şol pursatda bu ýerde olara ussatlyk bilen erk edýän çagalaryň şadyýan sesi we gülküsi ýaňlanýardy. Bu ýerde “Ähli gowy zatlar – çagalara!” diýen şygar iş ýüzünde äşgär boldy: Şol ýerde oýun senagatyndaky iň gyzykly we haýran galdyrýan täzelikler jemlenipdir. Olar uly ýaşly adamlary hem biparh goýmaýar.
Elbetde, bu ýerde ýerleşen kinozallaryň ikisinde çagalar üçin niýetlenen animasion we çeper filmlere tomaşa etmek körpe tomaşaçylarda uly gyzyklanma döreder.

Döwlet Baştutanymyz “Gül zemin” Söwda-dynç alyş merkezi bilen tanyşlygyny tamamlap, hemmeler bilen mähirli hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.

Şeýle hem milli Liderimiziň adyndan 16-njy tapgyryň desgalarynyň gurluşygynda tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Açylyş dabarasy tamamlanandan soň, täze ýol boýunça awtoulaglaryň köpçülikleýin hereketi başlandy.
Şeýlelikde, paýtagtymyzda täze desgalaryň dabaraly ýagdaýda açylmagy ata Watanymyzyň iň täze taryhyna ýene-de bir öçmejek sahypany ýazdy. Eziz Diýarymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar hem-de hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyny mynasyp garşylamaga taýýarlyk görýär.