Norwegiýa gadymy iskandinaw dilinde ýurduň ady “Norýegr”, “Demirgazyga tarap ýol” diýmegi aňladýar.

Hytaýlylar öz ýurduny Çžungo diýip atlandyrýarlar. Çžungo – Ortadaky döwlet manysyny berýär. Hytaý ady ýurduň demirgazygynda ýaşan kidan taýpasynyň adyndan galandyr diýip çaklanylýar. Türkmenler kidanlara gara-hytaýlylar diýipdirler.

Ýemen – “Al-Ýaman” arap dilinden “sag tarap” ýa-da “bagt”, “abadançylyk” diýlip terjime edilýär.

Sudanyň ady araplaryň “Bilad assudan”, ýagny “Garalaryň ýurdy” diýen sözünden döräpdir.

Islandiýa ‘Ice land’ – ‘Buzlaryň ýurdy’ ýa-da “Buzly ýurt” diýmegi aňladýar

Awstriýanyň ady gadymy ‘Österreich’ diýen nemes sözünden gelip çykyp, ‘Gündogar ýurdy’ diýmegi aňladýar.

Has köp ýaýran pikire görä “Italiýa” ady Gresiýadan gelip, “Gökleriň ýurdy” diýen manyny berýär.

Braziliýa gymmat bahaly gyzyl agajyň portugal dilindäki adyndan gelip çykýar.

“Kanada” sözi ilkinji gezek 1535-nji ýylda fransuz ýüzüjisi Jak Kartýe tarapyndan ulanylypdyr. Häzirki Kwebek şäheriniň golaýyndaky Stadakon atly obanyň ilaty öz taýpalaryna degişli ýerleri şeýle atlandyrýan ekenler. Soňlugy bilen bu adalgany fransuzlar özleriniň keramatly Lawrentiý derýasynyň ugrundaky mülklerini atlandyrmak üçin ulanypdyrlar.

Müsür ady Arabystan ýarymadasynyň we alynky Aziýanyň halklarynyň gadymy “Misr” sözünden döräpdir. Olaryň dilinde ol “ilatly ýer” diýmekdir. Olar biri-birine ýakyn bolan şäherleriň, obalaryň köp bolandygy üçin bu ülkäni şeýle atlandyrypdyrlar. Müsürlileriň özleri we gündogar halklary bu ýurdy şol ady bilen atlandyrýarlar. Emma Ýewropa ýurtlarynyň köpüsinde Müsüriň gadymy greklerden galan Ýegipet ady ýörgünli.

Lýuksemburgyň ady nemes dilindäki “kiçi şäher” diýmegi aňladýan “lucilinburch” sözünden gelip çykýar.

“Indoneziýa” adalgasy goşma söz bolup , ol “Hindistan” we grek dilindäki “nesos” (“ada”) diýen sözleriň birikmeginden emele gelip, “Adalar Hindistany” diýen manyny berýär. Ilkinji gezek bu adalga XVIII asyryň ahyrynda ulanylypdyr.

Bahreýn Pars aýlagy sebitinde ýerleşen monarhiýa gurluşly döwletdir. Ýurduň ady “Iki deňiz” diýen manyny berýär.

Eýran ady Awestadaky Ariýana adyndan gaýdýar. Ol “Ariýleriň ýurdy” diýmegi aňladýar.

Malaý şäherçesi bolan Tumosik 1299-njy ýyldan başlap, Singapur “Ýolbarsyň şäheri” diýlip atlandyrylyp başlapdyr.

Tailand Ýewropalylaryň koloniýasy bolmandygy üçin, ony “erkinleriň ýurdy” diýip atlandyrypdyrlar. Ýurduň Tailand ady Ýewropalylaryň dakan ady. Ol taileriň ýurdy diýmegi aňladýar. Tai “erkin”, “azat” diýmegi aňladýar. Taileriň özleri ýurduny Mýangtai diýip atlandyrýarlar.

 

Humaý ÇARYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.