Sürüjisiz awtoulaglaryň sürüjiden özbaşdak hereket edip bilmek ukybyna görä 0-dan 5-e çenli dereje berilýär. Şu maksat bilen belli bir tizligini gözegçilikde saklap bilýän ikinji derejeli ulaglar häzirki wagtda giňden ulanylýar. Bu ulaglarda sürüjiler ünsli hereket edip, islendik ýagdaýda dolandyryşy gözegçilikde saklamaga taýýar oturmaly bolýarlar. «Tesla» kompaniýasynyň doly awtomatlaşdyrylan bäşinji derejeli ulaglarynda bu ýagdaýyň aradan aýrylmagyna garaşylýar.
Awtoulag kompaniýalarynyň sürüjisiz ulaglara bolan aýratyn ünsi gelejegiň awtoulag senagatyny, şeýle-de satyjylaryň we alyjylaryň ulag bazary boýunça düşünjelerini kämilleşdirer.
Ýakynda «Honda» kompaniýasy üçünji derejeli sürüjisiz ulag tehnologiýasy ornaşdyrylan awtoulaglarynyň önümçiligine girişjekdigini mälim etdi. Şeýlelikde, «Honda» kompaniýasy üçünji derejeli sürüjisiz ulaglary uly möçberde öndürjek ilkinji kompaniýa bolar. Üçünji derejeli awtoulaglaryň öz-özüni dolandyrmak ukyby has ýokary bolsa-da, sürüjiler seresaplylygy elden bermeli däldirler. Şunuň ýaly tehnologiýa kompaniýanyň «Honda Legend» awtoulagyna ornaşdyrylar. «Legend»-iň 2021-nji ýylyň martyna çenli Ýaponiýada elýeterli bolmagyna garaşylýar.