Ýa­po­ni­ýa­da hä­zir­ki Im­pe­ra­tor Na­ru­hi­to­nyň ini­si, 54 ýaş­ly şa­za­da Aki­si­no Fu­mi­hi­to­ny tag­tyň mi­ras­dü­şe­ri di­ýip yg­lan et­mek da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di. Şu ýy­lyň 19-njy ap­re­li­ne me­ýil­leş­di­ri­len bu da­ba­ra, dün­ýä­de eme­le ge­len çyl­şy­rym­ly ýag­daý­lar se­bäp­li 8-nji no­ýabr­da ge­çi­ril­di. Da­ba­ra­da Im­pe­ra­tor Na­ru­hi­to inisi Aki­si­no­ny mi­ras­dü­şer şa­za­da di­ýip, yg­lan et­di. Aki­si­no öz ge­ze­gin­de, tä­ze de­re­je­dä­ki borç­la­ry ba­ra­da çyn­la­kaý oý­lan­ýan­dy­gy­ny, ola­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge ta­gal­la et­jek­di­gi­ni bel­le­di. Da­ba­ra mi­ras­dü­şer şa­za­da Aki­si­no­nyň og­ly şa­za­da Hi­sa­hi­to we Ýa­po­ni­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Ýo­si­hi­de Su­ga gat­naş­dy.
Tä­ze Im­pe­ra­to­ryň ýe­ke­je gy­zy, şa­za­da Aý­ko­nyň tag­tyň mi­ras­dü­şeri bol­ma­ga ka­nu­ny hu­ku­gy ýok, bu we­zi­pä­ni di­ňe er­kek ki­şi­ler ber­jaý edip bil­ýär. Tag­tyň ikin­ji mi­ras­dü­şe­ri, Aki­si­no­nyň 14 ýaş­ly og­ly, şa­za­da Hi­sa­hi­to­dyr. Ýa­po­ni­ýa­da tag­tyň mi­ras­dü­şe­ri­ni yg­lan et­mek da­ba­ra­sy bir­nä­çe däp-des­sur­la­ry öz içi­ne al­ýar. Im­pe­ra­tor Na­ru­hi­to 2019-njy ýyl­da Hri­zan­te­ma tag­ty­na çyk­dy. Onuň ka­ka­sy, öň­ki Im­pe­ra­tor Aki­hi­to tagt­dan meý­le­tin ýüz öwür­di we gar­ry­ly­gy se­bäp­li pen­si­ýa çyk­dy. 59 ýaş­ly Na­ru­hi­to ne­be­rä­niň 126-njy Im­pe­ra­to­ry­dyr. Na­ru­hi­to ka­ka­sy ýa­ly, aris­tok­rat maş­ga­la­dan bol­ma­dyk gy­za öý­le­nip, köp asyr­lyk däp­le­ri üýt­get­di.