13-nji noýabrda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ýene bir möhüm desgasynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda 200 orunlyk täze ýokanç keselleri hassahanasynyň açylyş dabarasyna boldy.
Milli Liderimiziň başlangyjy bilen bu sebitiň täze dolandyryş merkezini döretmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli taslamanyň çäklerinde bina edilen döwrebap bejeriş edarasynyň ulanmaga berilmegi Türkmenistanyň Bitaraplygynyň golaýlaşyp gelýän şanly 25 ýyllygyna gabatlanyp açylýan binalar tapgyrynyň üstüni ýetirdi.

Döwrebap lukmançylyk edarasynyň gurluşygy Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýan “Nusaý ýollary” hususy kärhanasy tarapyndan amala aşyryldy.
Ýokanç keseller hassahanasynyň täze 3 gatly binalar toplumynda ýiti respirator we angina kesellerini, ýokanç içgeçme kesellerini, sarygetirme we beýleki ýokanç keselleri bejermek üçin ähli zerur şertler döredilendir.
Halkara ülňülerine laýyklykda bina edilen we enjamlaşdyrylan hassahana bir wagtda 200 näsagy – ululary we çagalary bejermek üçin kabul edip biler.
Bu ýerde wirus gepatiti, ýokary dem alyş agzalarynyň ýokanç keselleri, ýokanç içgeçme keselleri, howa damja ýoly bilen geçýän aýratyn howply ýokanç keselleri bölümleri hereket edýär.
Stasionar binanyň ikinji we üçünji gatlarynda ýerleşýär. Bir we iki orunlyk otaglarda ähli şertler göz öňünde tutulyp, olaryň her biri aýratyn arassaçylyk otaglary bilen üpjün edildi.
Kabul ediş bölümi 5 sany ýöriteleşdirilen otaglardan ybarat bolup, dürli ýokanç keselli näsaglary aýratynlykda kabul etmäge we ilkinji saglygy goraýyş kömegini bermäge niýetlenendir.
Ýokanç keselleri hassahanasynyň düzümine stasionar bölümlerden başga-da, barlaghanalar, funksional-anyklaýyş bölümi, hirurgiýa bölümi, reanimasiýa we akuşerçilik bölümi, şeýle hem fizioterapiýa we dispanser bölümleri girýär.
Bölümleriň hemmesi täze lukmançylyk we tehniki enjamlar bilen, şeýle hem Germaniýada, Şwesiýada, Italiýada, Fransiýada, Ýaponiýada, ABŞ-da, Günorta Koreýada, Niderlandlarda, Çehiýada, Beýik Britaniýada we Hytaý Halk Respublikasynda öndürilen lukmançylyk maksatly enjamlar bilen üpjün edilendir.