Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiziň abraýly halkara we sebit maliýe düzümleri bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak, ýerli haryt öndürijileri goldamak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hasabatyň aýratyn meselesi boldy.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hususy ulgamy ösdürmek boýunça Yslam korporasiýasyndan (IСD) COVID-19 pandemiýasy döwründe ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin 10 million amerikan dollary möçberinde maliýe serişdelerini bermek baradaky teklibini hödürledi.
Bu maliýe serişdelerini Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň üsti bilen hususy ulgamyň taslamalaryny maliýeleşdirmäge, ykdysadyýetimiziň düli pudaklarynda telekeçilik işjeňligini ýokarlandyrmaga, kiçi we orta telekeçiligiň öndürýän harytlarynyň görnüşlerini hem-de mukdaryny köpeltmäge, olaryň daşary ýurt bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga hem-de goşmaça iş orunlarynyň döredilmegine gönükdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz teklibi, umuman, makullap, hususy ulgamy ösdürmek boýunça Yslam korporasiýasy tarapyndan berilýän maliýe serişdeleriniň maksada laýyk ulanylmagy baradaky meseläni berk gözegçilikde saklamak babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow döwlet Baştutanymyza «Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli 2020-nji ýylyň oktýabr-dekabr aýlary aralygynda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň Meýilnamasyna» laýyklykda, 1-nji dekabrda onlaýn görnüşinde «Energetika ulgamyndaky durnukly hyzmatdaşlyk ählumumy ösüşiň möhüm şertidir» atly halkara maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dünýäniň energetika döwletleriniň hataryna girýän Türkmenistanyň ykdysadyýetinde nebitgaz senagatynyň möhüm orun eýeleýändigini nygtady we nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin wajyp çärä öwrüljek hem-de ýurdumyza innowasion tehnologiýalary hem-de goşmaça maýa serişdelerini çekmäge ýardam etjek maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna gabatlanylyp ulanylmaga beriljek önümçilik we durmuş-medeni maksatly iri desgalaryň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy barada aýratyn durup geçdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere baýramçylyk desgalarynyň ählisinde işleriň hiliniň hem-de möhletiniň berjaý edilmegi, olary zerur gurluşyk serişdeleri bilen bökdençsiz üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow täze milli elektron poçtasyny we messenjer programmasyny işe girizmek bilen baglanyşykly meseleler hakynda hasabat berdi.
Wise-premýer «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan täze, döwrebap milli elektron poçtasyny döretmek üçin programma üpjünçiliginiň işlenip taýýarlanylandygyny we ony synagdan geçirýändiklerini aýtdy. Bu programma çözgüdi poçta hyzmatlaryndan peýdalanmaga mümkinçilik berýän moduly öz içine alýar.
Sanly ykdysadyýeti işjeňleşdirmek boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, «Altyn asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hünärmenleri Diýarymyzda ilkinji milli onlaýn hat-habar alyş-çalyş ulgamynyň-messenjer programmasyny we mobil goşundysyny döretdiler.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň sanlylaşdyrmagy, intellektual ulgamlaryň sazlaşykly hereketiniň üpjün edilmegi boýunça möhüm wezipäni ýerine ýetirýändigini belledi. Şeýle hem täze milli elektron poçtasyny we messenjer programmasyny herekete girizmek boýunça alnyp barylýan işleri çaltlandyrmak babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli halkara sergisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Wise-premýer gözden geçirilişiň Diýarymyzyň ähli ugurlar boýunça gazanýan üstünliklerini giňden görkezmäge gönükdirilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwrebap interaktiw multimediýa tehnologiýalaryny ulanmak göz öňünde tutulýar.
Serginiň çäklerinde ylmy-amaly konferensiýalary, wideoaragatnaşyk arkaly maslahatlary, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikleri, tanyşdyryş çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär. Şolaryň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk hakyndaky resminamalara gol çekiler.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze ajaýyp mümkinçilikleriň açylýandygyny nygtady. Biziň ýurdumyz okgunly ösýän, ýokary tehnologiýalara hem-de innowasiýalara esaslanýan döwlet hökmünde tutuş dünýäde giň meşhurlyga eýe boldy. Diýarymyzda giň gerimli taslamalar hem-de oňyn başlangyçlar üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Milli Liderimiz milli senenamamyzyň esasy şanly wakalarynyň biri bolan Bitaraplyk güni mynasybetli meýilleşdirilen çärelere hem-de halkara sergilerine görülýän taýýarlyk işlerini makullap, bu ugurdaky işi işjeňleşdirmegiň wajypdygyny nygtady hem-de bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa döwlet Baştutanymyza dekabr aýynda boljak şanly senelere we medeni-durmuş maksatly desgalary ulanmaga bermek mynasybetli guraljak dabaralara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň hormatyna guraljak baýramçylyk dabaralarynyň çäklerinde, paýtagtymyzda hem-de Diýarymyzyň welaýatlarynda ylmy-amaly maslahatlar, sergiler, döredijilik duşuşyklary, bäsleşikler, aň-bilim we sport çäreleri, media-maslahatlar guralar.
12-nji dekabrda «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahaty, medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda konsert geçiriler.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň hormatyna guralýan dabaralaryň we halkara döredijilik çäreleriniň hem-de dekabr aýynda meýilleşdirilen ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz şolaryň her biriniň ähmiýetli, many-mazmuna baý bolmalydygyny we milli däplere laýyklykda, giňden hem-de ruhubelentlikde geçirilmelidigini belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramy mynasybetli onlaýn görnüşinde «Bitarap Türkmenistan-ÝUNESKO: taryhy we medeni ugurlarda halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Şu ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar hem-de Taryh we arheologiýa institutlarynyň guramagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramy mynasybetli onlaýn görnüşindäki halkara maslahaty Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen özara gatnaşyklarynyň dowamynda ýetilen sepgitlere hem-de geljekki ugurlaryna özboluşly seljerme bolar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhynyň, medeni we ruhy mirasynyň gymmatlyklarynyň düýpli öwrenilmeginiň, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen gadymy galalaryň, kerwensaraýlaryň, ýadygärlikleriň ähmiýetini dünýäde wagyz etmek işiniň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň esasy wezipeleriniň biridigini belledi.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň hormatyna guralýan çäreleriň dünýäniň halklary bilen ynsanperwer gatnaşyklaryň giňeldilmegini, türkmen medeniýetiniň hem-de sungatynyň dünýäde wagyz edilmegini, parahatçylygyň we medeni gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam edýändigini belledi hem-de onlaýn görnüşinde geçiriljek halkara maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň göni aragatnaşyk arkaly mejlisinde Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi.
Paýtagtymyzy mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak, onuň düzümini döwrebaplaşdyrmak, iri desgalaryň gurluşygynyň barşy boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler, şeýle hem ýurdumyzyň sebitlerindäki işleriň ýagdaýy, ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga, ýerleri geljek ýylyň hasylyna taýýarlamaga gönükdirilen çäreler barada jikme-jik maglumatlar berildi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň depginleri, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler, öňümizdäki şanly senelere taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, paýtagtymyzda we sebitlerde geçirilýän işleriň netijeliligini artdyrmak, şäherlerde arassaçylygyň we abadançylygyň ýokary derejesini üpjün etmek, durmuş düzümini döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleleri hem hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň durmuşa geçirilişi, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler, oba hojalygynda durmuşa geçirilýän özgertmeler, pudagyň işini guramaga häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak, oňa hususy telekeçiligi işjeň çekmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz wise-premýer E.Orazgeldiýewe hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, şu günler oba zähmetkeşleriniň durmuşynda agrotehniki çäreleri geçirmek boýunça möhüm möwsümiň başlanandygyny belledi. Milli Liderimiz bu çäreleriň ýokary derejede geçirilmeginiň geljekki bol hasylyň we Diýarymyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine ýardam edýändigini belledi hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň hormatyna geçiriljek halkara maslahata, dabaralara we çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahat baýramçylyk dabaralarynyň arasynda esasy orny eýeleýär. Bu forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen, degişli işler amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbitlerine gabat gelýän özara bähbitli hyzmatdaşlyk syýasatyna berk ygrarlydygyny nygtady we halkara maslahatyny we beýleki baýramçylyk çäreleriniň ählisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Soňra Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa milli kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak we Halk Maslahatynyň çözgütlerini durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Mejlisiň nobatdaky maslahatynda ýurdumyzyň durmuş ulgamynyň dürli düzümlerindäki jemgyýetçilik gatnaşyklaryny kadalaşdyrýan kanunçylyk namalarynyň birnäçesi kabul edildi. Deputatlar ilat arasynda olaryň many-mazmunyny düşündirmek işlerini alyp barýarlar.
Hormatly Prezidentimiz Mejlisiň jemgyýetimiziň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, Watanymyzyň durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriň ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegine gönükdirilen wezipeleri çözmek boýunça alyp barýan işleriniň ähmiýetini nygtady.
Milli Liderimiz deputatlaryň ýerlerde saýlawçylar bilen gatnaşyklaryna goldaw bermegiň zerurdygy barada aýdyp, olaryň ösüp barýan ýaş nesilleriň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegine, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň wagyz edilmegine işjeň gatnaşmagynyň wajypdygyny belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow gözegçilik edýän düzümleriniň işi, giň gerimli harby özgertmeleriň amala aşyrylyşy, jemgyýetde bitewüligi we jebisligi, ýurdumyzda durnuklylygy pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde durýan hem-de diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinadan gelip çykýan gaýragoýulmasyz wezipeleri çözmäge jogapkärli çemeleşmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hem-de öňdebaryjy tejribäni öwrenmegiň hasabyna harby we hukuk goraýjy edaralaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin toplumlaýyn çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtap, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli beýleki möhüm meselelere hem garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.