Şy­pa­ha­na ul­ga­my ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň mö­hüm bö­le­gi­dir. Bu ug­ra has köp äh­mi­ýet ber­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çir­ýän döw­let dur­muş sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­sin­de, ýur­du­myz­da şy­pa­ha­na ul­ga­my­nyň üs­ti tä­ze­le­ri bi­len ýe­ti­ril­ýär. Mu­ňa go­laý­da ula­nyl­ma­ga ber­len Ba­ga­bat şy­pa­ha­na­sy hem aý­dyň my­sal­dyr. Bu gün­ki gün­de ýur­du­my­zyň her we­la­ýa­tyn­da döw­re­bap şy­pa­ha­na­lar bo­lup, olar­da ke­sel­le­riň öňü­ni al­ma­gyň we be­jer­me­giň dä­be öw­rü­len usul­la­ry, şeý­le hem ýo­ka­ry ne­ti­je­li­li­gi­ni su­but eden in­no­wa­si­on luk­man­çy­lyk teh­no­lo­gi­ýa­la­ry tä­sin te­bi­gy we ho­wa şert­le­ri bi­len ut­gaş­dy­ryl­ýar.
Döw­le­tiň we jem­gy­ýe­tiň baş baý­ly­gy ha­sap­la­nyl­ýan adam ha­kyn­da ala­da döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len ama­la aşy­ryl­ýan äh­li öz­gert­me­le­riň, giň ge­rim­li mak­sat­na­ma­la­ryň we tas­la­ma­la­ryň esa­sy­ny düz­ýär. Şo­nuň üçin ýur­du­myz­da, esa­san hem, sag­ly­gy go­ra­ýyş hem-de sport ul­gam­la­ryn­da döw­re­bap des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy­na uly orun be­ril­ýär.

Mä­lim bol­şy ýa­ly, ýur­du­my­zyň Döw­let býu­je­ti­niň hem köp bö­le­gi­niň dur­muş ug­ru­na, ga­ly­ber­se-de sag­ly­gy go­ra­ýyş, ylym-bi­lim, me­de­ni­ýet we sport ul­gam­la­ry­na gö­nük­di­ril­me­gi ýur­du­my­zyň ra­ýat­la­ry­nyň aba­dan dur­muş­da ýa­şa­ma­gy ug­run­da edil­ýän ta­gal­la­la­ryň ne­ti­je­si­dir.
Di­ýa­ry­myz­da yn­san­la­ryň öm­rü­ni we sag­ly­gy­ny go­ra­mak işi­ne döw­let de­re­je­sin­de ýo­ka­ry äh­mi­ýet ber­lip, il­deş­le­ri­miz üns-ala­da bi­len gur­şa­lan­dyr. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy mak­sa­dy jem­gy­ýe­ti­miz­de sag­dyn ýa­şa­ýyş-dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni or­naş­dyr­mak, berk be­den­li we ru­hu­be­lent ne­sil­le­ri ke­ma­la ge­tir­mek bo­lup dur­ýar.
Mil­li Li­de­ri­mi­z «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­syn­da göz öňün­de tu­tu­lan şy­pa­ha­na-dynç alyş ul­ga­my­nyň top­lum­la­ýyn ös­dü­ril­me­gi­niň ýur­du­my­zyň ra­ýat­la­ry­nyň sag­dyn­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­ma­gyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­di­gi­ni bel­le­di. Mak­sat­na­ma­da iň tä­ze en­jam­lar bi­len üp­jün edi­len hä­zir­ki za­man şy­pa­ha­na­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy­na hem-de mäh­ri­ban Wa­ta­ny­my­zyň aja­ýyp kün­jek­le­rin­de, be­je­riş-mi­ne­ral suw­la­ry bo­lan çeş­me­le­riň ýa­nyn­da ozal gur­lan şy­pa­ha­na­la­ryň dur­ku­nyň tä­ze­le­nil­me­gi­ne we döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy­na mö­hüm üns be­ril­ýär.
Ahal we­la­ýa­ty­nyň çä­gin­de ýer­leş­ýän «Arç­man» we «Ýy­ly suw», Bal­kan we­la­ýa­tyn­da­ky «Mol­la­ga­ra» we «Awa­za», Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da­ky «Da­şo­guz», Le­bap we­la­ýa­tyn­da­ky «Fa­rap», Ma­ry we­la­ýa­tyn­da­ky «Baý­ra­ma­ly» hem-de Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki «Ber­zeň­ňi» şy­pa­ha­na­la­ry ra­ýat­la­ry­my­zyň sag­ly­gy­nyň ber­ki­dil­me­gin­de mö­hüm orun eýe­le­ýär. Milli Liderimiziň baş­tu­tan­ly­gyn­da gö­zel te­bi­ga­ty hem-de dag ho­wa­sy­nyň aja­ýyp­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýan Köý­ten­da­gyň çäk­le­rin­de şy­pa­ha­na gur­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär.
Ýa­ňy-ýa­kyn­da ula­nyl­ma­ga ber­len, Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ak bug­daý et­ra­by­nyň çäk­le­rin­dä­ki Ba­ga­bat şy­pa­ha­na­sy hem aja­ýyp aras­sa dag ho­wa­sy bi­len bu ýer­de dynç al­ýan­la­ra şy­pa paý­lar. Bir­ba­da 200 ada­my ka­bul et­mä­ge ni­ýet­le­nen döw­re­bap şy­pa­ha­na top­lu­my bal­neo­te­ra­pi­ýa, pal­çyk bi­len be­je­riş, anyk­la­ýyş-mas­la­hat be­riş, fi­zio­te­ra­pi­ýa bö­lüm­le­ri, ho­wuz­lar we SPA sa­lon­la­ry bi­len ra­ýat­la­ry­my­za dem alyş ýol­la­ry­nyň, nerw, en­dok­rin, iý­mit siň­di­riş, de­ri ke­sel­le­ri­niň we beý­le­ki­le­riň be­jer­gi­si ba­bat­da ýo­ka­ry de­re­je­li hyz­mat­la­ry hö­dür­lär.
«Il sag­ly­gy – ýurt baý­ly­gy» şy­ga­ryn­dan ugur al­nyp, sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my dün­ýä öl­çeg­le­ri­niň de­re­je­si­ne çy­ka­ryl­dy, ila­ta edil­ýän luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­nyň gör­nüş­le­ri gi­ňel­dil­di we hi­li ýo­kar­lan­dy­ryl­dy. Soň­ky ýyl­lar­da ýur­du­my­zyň äh­li se­bit­le­rin­de döw­re­bap, kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na­lar we be­je­riş-anyk­la­ýyş mer­kez­le­ri, şy­pa­ha­na top­lum­la­ry ula­nyl­ma­ga be­ril­di we şeý­le mak­sat­ly des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy giň ge­rim­de do­wam et­di­ril­ýär. Olar­da in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­lar, dün­ýä yl­my­nyň öň­de­ba­ry­jy ga­za­nan­la­ry adam­la­ryň sag­ly­gy­nyň hyz­ma­tyn­da go­ýul­dy.

Gur­ban­je­mal GY­LYÇ­DUR­DY­ÝE­WA,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk
ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.