Elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän sa­mo­kat­la­ry kä­ren­de­si­ne ber­ýän «Bolt» kom­pa­ni­ýa­sy hyz­mat ed­ýän ýurt­la­ry­nyň sa­ny­ny kö­pelt­me­gi mak­sat edin­ýär. Es­ton kom­pa­ni­ýa­sy hä­zir­ki wagt­da Gün­do­gar Ýew­ro­pa we Gün­ba­tar Af­ri­ka ýurt­la­ryn­da iş alyp bar­ýar. Kom­pa­ni­ýa gel­jek ýyl 100 mil­li­on ýew­ro ma­ýa go­ýum öz­leş­di­rer. Şeý­le­lik­de, Ýew­ro­pa­nyň bu ugur­da­ky iň uly kom­pa­ni­ýa­sy­na öw­rü­ler. Gel­jek ýyl «Bolt»-yň ulag­la­ry­nyň sa­ny 130 mü­ňe ýe­ti­ri­ler. Kom­pa­ni­ýa­nyň ýol­baş­çy­sy Mar­kus Wil­lig ösüş müm­kin­çi­lik­le­ri­niň ýo­ka­ry­dy­gy­ny bel­le­di. Ýol­baş­çy hä­zir­ki wagt­da adam­la­ryň açyk ho­wa­da has köp wagt ge­çir­mek is­le­ýän­dik­le­ri­ni işe, oku­wa, ge­ze­len­je git­mek üçin has ki­çi we ýe­ňil ulag­la­ry saý­la­ýan­dy­klary­ny aýd­ýar.
Soň­ky wagt­lar­da sa­mo­kat­la­ry we we­lo­si­ped­le­ri wagt­la­ýyn kä­ren­de­si­ne ber­ýän kom­pa­ni­ýa­la­ryň işi iler­le­ýär. Mer­ke­zi eda­ra­sy Ber­lin­de ýer­leş­ýän «Ti­er Mo­bi­li­ty» kom­pa­ni­ýa­sy ma­ýa go­ýum­la­ry­ny art­dyr­mak üçin «Soft­bank» we beý­le­ki ma­li­ýe eda­ra­la­ryn­dan je­mi 250 mil­li­on dol­lar karz yla­la­şy­gy­na gol çek­di. Kom­pa­ni­ýa hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­niň 10 ýur­dun­da­ky 80 şä­her­de iş alyp bar­ýar. 2013-nji ýyl­da esas­lan­dy­ry­lan «Bolt»-yň 35 ýurt­da 30 mil­li­on­dan gow­rak müş­de­ri­si bar.
Gur­ban­gel­di Ku­ly­ýew,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.