Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň dur­muş ugur­ly sy­ýa­sa­ty­na la­ýyk­lyk­da, Di­ýa­ry­myz­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni wa­gyz et­mek, ila­ty be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len meş­gul­lan­ma­ga çek­mä­ge hem-de sport ul­ga­my­ny yzy­gi­der­li ös­dür­mä­ge uly äh­mi­ýet be­ril­ýär.
Se­bit we hal­ka­ra de­re­je­sin­de sport ýa­ryş­la­ry­nyň ge­çi­ril­ýän ýur­du­na öw­rü­len Di­ýa­ry­myz­da gel­jek ýyl­lar­da ýe­ne-de köp san­ly ýa­ryş­la­ryň ge­çi­ril­jek­di­gi ikuç­suz­dyr. Mun­uň aňyr­syn­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň sport ul­ga­my­ny we Olim­pi­ýa he­re­ke­ti­ni ös­dür­mek ug­run­da­ky ta­gal­la­la­ry ýa­tyr.
Şu ýy­lyň 10 aýy­nyň ne­ti­je­le­ri­ne ba­gyş­la­nan Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­den hem gör­nü­şi ýa­ly, türk­men tür­gen­le­ri hal­ka­ra ýa­ryş­la­ryn­da çy­kyş et­mek mak­sa­dy bi­len, tür­gen­leş­mek iş­le­ri­ni do­wam ed­ýär­ler. Mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ry­myz 32-nji to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry­na taý­ýar­lyk gör­mek üçin, Olim­pi­ýa şä­herçesin­de spor­tuň 7 gör­nü­şi bo­ýun­ça tür­gen­leş­ýär­ler.
Ýur­du­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hukuk ýagdaýynyň şanly 25 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li spor­tuň aw­to­mo­bil spor­ty bo­ýun­ça ýur­du­my­zyň bi­rin­ji­li­gi­ni al­mak ug­run­da ýa­ryş ge­çi­ril­di. De­giş­li dö­wür­de içer­ki ýa­ryş­la­ryň 65-si hem-de köp­çü­lik­le­ýin sport çä­re­le­ri­niň 58-si ge­çi­ril­di.
Sag­dyn­ly­gyň hem ru­hu­be­lent­li­giň ýur­dy hök­mün­de yk­ra­r edi­len ýur­du­myz­da 2021-nji ýyl­da we­lot­rek bo­ýun­ça Dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň ge­çi­ril­me­gi­niň göz öňün­de tu­tul­ma­gy we­lo­si­ped spor­tu­nyň döw­le­ti­miz­de uly ösüş­le­re bes­len­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär. Şeý­le hem Azi­ýa­nyň Olim­pi­ýa Ge­ňe­şi ta­ra­pyn­dan 2023-nji ýyl­da «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da VII Azi­ýa ke­nar­ýa­ka oýun­la­ry­ny ge­çir­mek ba­ra­da­ky tek­li­bi hem ýur­du­my­zyň hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki sport ýa­ryş­la­ry­ny ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk ýag­da­ýyn­da ge­çir­mä­ge bo­lan baý tej­ri­be­sin­den my­sal­dyr. Go­laý­da Azi­ýa­nyň Olim­pi­ýa Ge­ňe­şi­niň pre­zi­den­ti Şeýh Ah­mad Al Fa­had Al Sa­bah ta­ra­pyn­dan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze hat ge­lip go­wuş­dy. Şol hat­da Şeýh Ah­mad Al Fa­had Al Sa­bah hormatly Prezidentimizi ýur­du­myz­da Olim­pi­ýa he­re­ke­ti­ni ös­dür­mä­ge ber­ýän yzy­gi­der­li gol­da­wy üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­rip, 2017-nji ýyl­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň uly üs­tün­li­gi­niň mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dy­gy­ny bel­le­me­gi hem-de türk­men hal­ky­nyň myh­man­sö­ýer­li­gi­ne be­ren be­ýik ba­ha­sy­nyň ata Wa­ta­ny­my­zyň sport dün­ýä­sin­dä­ki ab­ra­ýy­nyň has-da be­len­de gal­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy bo­lup dur­ýar.
Ha­za­ryň aja­ýyp türk­men ke­na­ryn­da ýe­ne-de bir hal­ka­ra ýa­ry­şyň ge­çi­ril­me­gi ba­ra­da­ky tek­lip, bu se­bi­tiň sport dü­züm­le­ri­niň hem-de de­ňiz ke­na­ry­nyň äh­li ugur­lar bo­ýun­ça ýo­ka­ry ba­ha my­na­syp­dy­gy­ny gör­kez­ýär.
Hal­ka­ra sport ýa­ryş­la­ry sport ul­ga­myn­da ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak ýo­lun­da esa­s bo­lup hyz­mat ed­ýär. Bu ugur mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­di­gi­ni aý­ra­tyn bel­le­mek ge­rek. Sport dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň da­ba­ra­lan­ma­gy bi­len soň­ky ýyl­lar­da Wa­ta­ny­myz hal­ka­ra sport hyz­mat­daş­ly­gy­nyň yk­rar edi­len mer­ke­zi­ne öw­rül­di. Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz yzy­gi­der­li ýag­daý­da hal­ka­ra sport dü­züm­le­ri bi­len hyz­mat­daş­ly­gy­ny iş­jeň­leş­dir­ýär. Tä­ze hal­ka­ra sport dü­züm­le­ri­niň ha­ta­ry­na go­şul­ýar. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň alyp bar­ýan sport dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­rin­den ne­ti­je­li peý­da­lan­mak bi­len ýur­du­myz Hal­ka­ra sport luk­man­çy­ly­gy fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň ag­za­ly­gy­na gir­mek bo­ýun­ça de­giş­li iş­le­ri alyp bar­ýar. Hal­ka­ra sport luk­man­çy­ly­gy fe­de­ra­si­ýa­sy – bu dün­ýä­niň köp san­ly ýurt­la­ry­nyň sport luk­man­çy­ly­gy­nyň mil­li as­so­sia­si­ýa­la­ry­nyň işi­ni bir­leş­dir­ýän hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­sy­dyr.

Aý­nur GO­ÇA­KO­WA,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk
ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.