Ýaşyňa ga­ra­maz­dan, ýü­re­giň sag­dyn­ly­gy­ny go­ra­mak wa­jyp­dyr. Ýü­re­gi­ňiz ba­ra­da ala­da­lan­mak ýü­ze çy­kyp bil­jek ke­sel­le­riň öňü­ni al­yp, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni ber­kid­ýär. Ýü­re­giň sag­dyn­ly­gy­ny üp­jün et­me­giň iň peý­da­ly usul­la­ry­nyň bi­ri gün­de­lik iý­mit­le­re üns ber­mek­dir. Iý­ýän azyk önüm­le­ri­ňiz­e bi­raz üýt­geş­me­ gi­riz­mek bi­len ýü­re­gi­ňi­zi has sag­dyn sak­lap bi­ler­si­ňiz. Ýü­re­ge peý­da­ly önüm­le­riň ýe­ne bir go­wy ta­ra­py bol­sa, ola­ryň ta­gam­ly we köp dür­li bol­ma­gy­dyr. Hem ýü­re­ge peý­da­ly, hem-de ta­gam­ly önüm­ler şu­lar­dyr:
Şugundyr. Bu gök önü­miň dü­zü­min­de bir­nä­çe wi­ta­min­ler we mi­ne­ral­lar bar. Mu­nuň içi­ne ýü­re­ge peý­da­ly ka­liý we ber­hiz nit­ra­ty gir­ýär. Şu­gun­dyr­dan gel­ýän nit­rat gan da­mar­la­ry­ny gi­ňeld­ýär. Da­mar­la­ryň gi­ňe­me­gi bol­sa, ýü­rek­dä­ki stre­si ara­dan aýyr­ýar we gan ba­sy­şy­ny ka­da­laş­dyr­ýar. Şu­gun­dy­ry şi­re gör­nü­şin­de içip ýa-da bi­şi­rip iýip bi­ler­si­ňiz.
Turşy ülje. Ada­ty süý­ji ül­jä ga­ra­nyň­da tur­şy ül­je­ler köp­lenç gu­ra­dy­lan, doň­du­ry­lan ýa-da sy­ky­lan gör­nüş­de iýmit zyn­jy­ry­na gir­ýär. Ül­jä­niň bu gör­nü­şi in­fek­si­ýa gar­şy gö­reş­mä­ge ukyp­ly­dyr. 2019-njy ýyl­da ge­çi­ri­len yl­my-bar­la­ga gö­rä, tur­şy ül­jä­niň şi­re­si­ni yzy­gi­der­li iç­mek gan­da­ky ho­les­te­ri­ne go­wy tä­sir ed­ýär. Dür­li gör­nüş­li mi­we kok­teýl­le­rin­de doň­du­ry­lan ül­je­le­ri, gu­ra­dy­lan ül­je­le­ri iýip bi­ler­si­ňiz.
Pisse. Bu iý­miş gör­nü­şi­niň dü­zü­min­dä­ki ýag­la­ryň 90 gö­te­ri­mi ada­myň sag­ly­gy­na peý­da­ly bo­lup, her­sin­de azyn­dan üç gram peý­da­ly sü­ýüm bar. Pis­se­le­riň ýe­ke özi hem iý­lip bil­ner, şeý­le hem dür­li gör­nüş­li ta­gam­lar bi­len ut­gaş­dy­ry­lyp bil­ner.
Däneliler. Dä­ne­li önüm­ler bilen iýmitlenmek ýü­rek ke­sel­le­ri­ni azald­ýar. Yl­my-bar­lag­la­ryň ne­ti­je­sin­de, diňe dä­ne­li­ önüm­le­rden taý­ýar­la­nan tagamlary öz içi­ne al­ýan ber­hiz­le­riň äh­li­si ýü­re­ge peý­da­ly bo­lup, esa­san hem, ho­les­te­rin we trig­li­se­rid ýa­gy­nyň de­re­je­si­ni pe­seld­ýär.
Ýeralma. Ýe­ral­ma­nyň dü­zü­min­dä­ki ka­liý ba­na­nyň dü­zü­min­dä­ki ka­li­den has ýo­ka­ry­dyr. Şeý­le hem ýe­ral­ma­da an­ti­ok­si­dant (öý­jük­le­re zy­ýan ber­ýän tä­sir­len­me­le­re gar­şy gö­reş­ýär) hök­mün­de çy­kyş ed­ýän C wi­ta­mi­ni bar­dyr. Eger bi­şir­me­gi kyn gör­se­ňiz, mik­ro­tol­kun­ly peç­de ýe­ral­ma­ny 5 mi­nut­da taý­ýar­lap bi­ler­si­ňiz.
Noýba. Iýmitlilik kuw­wa­ty ba­ba­tyn­da baý dü­zü­mi bo­lan noý­ba ýü­re­ge peý­da­ly iý­mit­le­riň bi­ri­dir. Noý­ba­nyň dü­zü­min­de gan öý­jük­le­ri­niň kö­pel­me­gi üçin wa­jyp bo­lan B wi­ta­mi­ni, gan ba­sy­şy­ny ka­da­laş­dyr­ma­ga peý­da­ly bo­lan mag­ne­zi­ýa we an­ti­ok­si­dant­lar bar. Noý­ba­nyň dü­zü­min­dä­ki sü­ýüm­ler gan­da­ky şe­ke­riň de­re­je­si­ni we ho­les­te­ri­ni saz­la­ma­ga ýar­dam ber­ýär.
Balyk. Hep­de­de bir gezek ba­lyk iý­mek köp mas­la­hat be­ril­ýär. Yzy­gi­der­li ge­rek­li bo­lan ba­lyk ýa­gy­ny ka­bul et­mek ýü­rek ke­sel­le­ri­niň öňü­ni al­ýar. Ba­ly­gy is­len­dik gör­nüş­de bi­şi­rip bi­ler­si­ňiz. Sar­din­ýa, la­sos ýa-da tu­nes ba­lyk­la­ry «ome­ga 3» ýa­gy­na baý­dyr. Kon­ser­wa gap­la­nan ba­lyk­lar­da hem bel­li bir de­re­je­de «ome­ga 3» ýa­gy bar­dyr.