15-nji noýabrda Moldowa Respublikasynda geçirilen Prezident saýlawlarynda Maýýa Sandu 57,75 göterim ses alyp, ýeňiş gazandy. Onuň bäsdeşi häzirki Prezident Igor Dodon bolsa, sesleriň 42,26 göterimine eýe boldy. Bu barada býulletenleriň 100 göterimi sanalandan soňra, ýurduň Merkezi saýlaw topary mälim etdi. Merkezi saýlaw toparynyň internet sahypasynda çap edilen maglumatlara görä, saýlawlara gatnaşyk 52,78 göterime deň boldy.

-Saýlawçylaryň 57,74 göterimi dalaşgär Maýýa Sandua, 42,26 göterimi bolsa, garaşsyz dalaşgär Igor Dodona ses berdiler – diýip, Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Wladimir Şarban aýtdy. Ol bu maglumatlaryň Merkezi saýlaw toparynyň awtomatlaşdyrylan ulgamy arkaly toplanan deslapky maglumatlardygyny belledi. Maglumatlar doly jemlenenden soňra, Merkezi saýlaw topary tarapyndan syýasy çäräniň netijelerini mälim eder. Saýlawlaryň netijelerini jemlemek üçin saýlaw toparynyň ýene-de bäş gün wagty bar, soňra olary tassyklatmak üçin Konstitusiýa kazyýetine tabşyrar.

1-nji noýabrda geçirilen saýlawlaryň birinji tapgyrynda Moldowanyň Prezidentligine dalaşgärleriň hiç biri-de sesleriň 50 göterimden gowragyny gazanyp bilmedi. Şoňa görä, 15-nji noýabrda saýlawlaryň ikinji tapgyry geçirildi. “Hereket we raýdaşlyk” partiýasynyň başlygy Maýýa Sandu we häzirki Prezident Igor Dodon döwlet Baştutany wezipesine dalaş etdiler. Ses bermek üçin Moldowada we beýleki ýurtlarda 2,143 saýlaw uçastogy döredildi. Birinji tapgyrda Maýýa Sandu 36,16 göterim, Igor Dodon bolsa, 32,61 göterim ses aldy.