Formula 1 dünýä çempionatynda 2020-nji ýylyň çempionlygyny hem “Mercedes” toparynyň britan sürüjisi Lýuwis Hamilton gazandy. 4 aý giç başlan F1-iň 70-nji möwsüminiň 14-nji ýaryşy Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirildi. “Istanbul Park” trassasynda ýagyşly howada geçirilen 58 aýlawdan ybarat bolan ýaryşda garaşylmadyk ýagdaýda “Racing Point” toparynyň kanadaly sürüjisi Lans Stroll ilkinji hatardan bat aldy. Ýöne 36-njy aýlawdan soň, öňe saýlanan Lýuwis Hamilton ýaryşda soňuna çenli öňdeligini saklap, şu möwsümdäki 10-njy, karýerasyndaky 94-nji ýeňşini gazandy. Ol 58 aýlawy 1 sagat 42 minut 19,313 sekuntda tamamlap, möwsümiň tamamlanmagyna 3 tapgyr galanda 110 utuk aratapawudy bilen çempionlygyny yglan etdi. Ýaryşdan soň ýeňiş gözýaşlaryny döken Hamilton bassyr 4-nji, umumylykda-da 7-nji gezek F1-iň çempiony diýen ady eýelemegi başardy. Şeýlelikde, Hamilton çempionlyk gazanmakda rowaýaty Mihael Şumaheriň taryhy rekordyna şärik boldy. Ilkinji çempionlygyny 2008-nji ýylda gazanan Hamilton 2014-nji ýyldan bäri diňe 2016-njy ýylda ýeňiji bolup bilmedi.
Ýaryşda Hamiltondan 31,633 sekunt yza galan “Racing Point” toparynyň meksikaly sürüjisi Serhio Perez 2-nji, “Ferrariniň” nemes sürüjisi Sebastian Wettel 3-nji ýeri eýeledi.
Möwsümiň 15-nji bäsleşigi 29-njy noýabrda Bahreýnde geçiriler.