Futbol boýunça Türkmenistanyň Milli çempionatynda 17-nji tapgyryň galdyrylan 2 duşuşygynda ýer eýeleri ýeňiş gazandy. Ahal topary öz meýdançasynda “Merwi” kabul edip, 3-1 hasabynda ýeňiş gazandy. 4 gol hem 2-nji ýarymda geçirilip, oýunda “Ahalyň” adyndan Guwanç Abylow (48), Murat Ýakşiýew (56), hem-de Pirmyrat Sultanow (67) tapawutlandy. Myhmanlaryň ýeke-täk pökgüsini 90+4-nji minutda Şaweli Seýitgulyýew derwezä girizdi.
“Energetik” bilen “Aşgabat” toparlarynyň arasyndaky oýunda ýer eýeleri 2-1 hasabynda ýeňiş gazandy. 11-nji tapgyrdan soň, ilkinji ýeňşini gazanan “Energetik” toparynyň gollaryny Begli Meredow bilen Parahat Jumanazarow geçirdi. “Aşgabat” toparyndan Kemal Annamuhammedowyň 84-nji minutda geçiren goly paýtagtlylara ýeňiş üçin ýeterlik bolmady. Iň aşaky orunda barýan “Energetik” 14 oýundan soň, ilkinji, umumylykda şu möwsümde 3-nji ýeňşini gazandy.