Gü­nor­ta Af­ri­ka­daky Bots­wa­na­ döwletiniň Ka­ro­we kä­nin­de ta­ry­hyň iň uly göw­he­ri ta­pyl­dy. Bu ba­ra­da «Bloom­berg» agent­li­gi mä­lim ed­ýär. Ta­py­lan da­şyň ag­ra­my 998 ka­rata deň. Hü­när­men­le­riň pi­ki­ri­çe, bu dün­ýä se­na­ga­ty ta­ra­pyn­dan ga­zy­lyp al­nan iň uly gym­mat ba­ha­ly dört göw­he­riň bi­ri­dir. Ka­ro­we mag­da­ny özü­niň üýt­ge­şik iri göw­her­le­ri bi­len ta­nal­ýar.
2019-njy ýyl­da bu ýer­de fran­suz di­zaýn öýi «Lu­is Vuit­ton» ta­ra­pyn­dan sa­tyn al­nan 1758 ka­rat ag­ram­ly göw­her ga­zy­lyp alyn­dy. Bu göw­her, 1905-nji ýyl­da Gü­nor­ta Af­ri­ka­da ta­py­lan 3106 ka­rat­lyk «Kul­li­nan» göw­he­rin­den soň ta­ryh­da ikin­ji uly göw­her bol­dy. Onuň iň uly bö­le­gi bri­tan mo­narh­la­ry­nyň ha­sa­sy­ny be­ze­ýär. Mun­dan baş­ga-da, bu mag­dan­da üçün­ji uly göw­her hem ta­pyl­dy. 2015-nji ýyl­da 1109 ka­rat­lyk daş ta­pyl­dy. Ol 53 mil­li­on dol­la­ra sa­tyl­dy we hä­zir­ki wagt­da «Graff Dia­monds» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň eýe­çi­li­gin­de­dir.