19-njy noýabrda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ýapon dilinde neşir edilen kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Bu çäräniň şanly senäniň — Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň öň ýanynda geçirilmeginiň çuň manysy bolup, milli Liderimiziň parahatçylyk söýüjilik we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasy ugrunyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Ýurdumyz döredijilik strategiýasyny işjeň amala aşyrmak arkaly, Ýaponiýa bilen däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklaryň berkidilmegine, netijeli hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmegine, şol sanda ynsanperwer ulgamda pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýär.Soňky ýyllarda ylym, bilim we medeniýet ulgamlarynda iki döwletiň gatnaşyklary görnetin giňeldi.

Hormatly Prezidentimiziň hem-de türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrlarynyň eserleriniň ýapon diline terjime edilmegi ýaponlaryň Türkmenistanyň ösüşine, halkymyzyň medeniýetine gyzyklanma bildirýändigine şaýatlyk edýär.

Tanyşdyrylyş dabarasyna Daşary işler ministrliginiň işgärleri, ýurdumyzda işleýän daşary döwletleriň diplomatlary, gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professorlary, mugallymlary hem-de talyplary, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Onlaýn görnüşde geçirilen çärä türkmen okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlyk edýän ýapon ýokary okuw mekdepleriniň — Tokio we Sukuba uniwersitetleriniň hem-de Kitasato uniwersitetiniň ýolbaşçylary we wekilleri, dostlukly ýurduň ylmy jemgyýetçiligi goşuldy.

Ýaponiýanyň Türkmenistanda täze bellenilen ilçisi Hiroýuki Ýamamoto çärede çykyş edip, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň ýapon dilinde çap edilmeginiň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini nobatdaky gezek tassyklaýandygyny hem-de däbe öwrülen dostlukly we özara bähbitli döwletara gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyna möhüm goşant goşýandygyny belledi.

«Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyň ýapon diline terjime edilmegi netijesinde, dostlukly ýurduň jemgyýetçiligine Türkmenistany özleri üçin has giňişleýin açmaga, hormatly Prezidentimiziň beýan eden türkmen halkynyň medeniýeti, özboluşly däpleri, halk döredijiligi hem-de ruhy gymmatlyklary barada ýapon dilinde maglumat almaga mümkinçilik döretdi. Şonuň bilen birlikde, neşir ýurdumyzyň ýokary we orta okuw mekdeplerinde ýapon dilini öwrenýän talyplar hem-de okuwçylar üçin ajaýyp gollanma öwrüler.

Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda milli Liderimize alyp barýan köpugurly işleri, şol sanda mähriban halkymyzyň ruhy-ahlak däplerini aýawly saklamak we baýlaşdyrmak, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe raýatlarymyzyň abadançylygy hem-de Watanymyzyň gülläp ösmegi hakynda edýän ýadawsyz aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirilýär.