Dünýäde awtoulag senagatynda öwrülişik güýçli depginler bilen dowam edýär. Soňky wagtlarda gibrid ýangyçly hem-de dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglaryň önümçiligi we satuwy görnetin ýokarlanýar. Bu öwrülişik Ýewropa ýurtlarynda has ýokary. Önüm öndürijileri we sürüjilere berilýän ýeňillikler elektroulaglaryň satuwyny artdyrýar. Soňky aýlarda satylýan ulaglaryň arasynda elektrik energiýasy bilen işleýän maşynlaryň sany 10 göterime çenli ýetdi. Golaýda Angliýa 2030-njy ýyldan başlap, adaty ýangyçly ulaglaryň satuwyny gadagan etjekdigini mälim etdi. Mundan ozal ýurtda bu çäklendirilmäniň 2035-nji ýylda başlanjakdygy aýdylypdy. Germaniýada bolsa, elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglar üçin döredilýän ýeňillik dört ýyl uzaldyldy. Şeýle hem ýurtda elektrokar batareýalarynyň kämilleşdirilmegi üçin ylmy-önümçilik merkezlerine hem goldaw berilýär. Bu bolsa şeýle ulaglary öndürmegiň özüne düşýän bahasyny azaldýar. Bu ýeňillikler elektrokar satuwynyň görnetin ýokarlanmagyna getirdi. Muňa garamazdan, elektrokarlaryň adaty ýangyçly ulaglardan gymmat bolmagynda galýandygyny bellemek gerek. Ykdysadyýet, energiýa we tehnologiýa maglumatlaryny ýaýradýan “BloombergNEF” şereketiniň ulag boýunça jogapkär wekili Kolin MakKerraçer adaty ýangyçly ulaglaryň geljeginiň uzak möhletli däldigini belleýär. Bilermen hökümetleriň önümçilige goldaw berýändigini, müşderileriň bolsa, elektroulaga isleg bildirýändigini aýdýar.
Şeýle hem Ýewropa soňky wagtlarda bu ulaglar üçin batareýa önümçilik desgalarynyň gurluşygy hem artdy. Bu batareýalaryň önümçiliginde hytaý kompaniýalary öňdeligi eýeleýär. Bu ýurduň “SVolt Energy Technology Co.” kompaniýasy Germaniýada batareýa zawodyny gurmagy meýilleşdirýär. Germaniýanyň “Contemporary Amperex Technology Ltd.” kompaniýasy hem batareýa önümçiligi bilen meşgullanýar. “Tesla” ulaglarynyň batareýasyny öndürýän “Panasonic Corp.” Norwegiýada bir zawod gurmagy meýilleşdirýär.
BMW Mýunhendäki iri zawodynda elektroulag önümçiligi üçin 400 million ýewro maýa goýum bölüp berendigini mälim etdi. 2022-nji ýylyň ahyrynda Germaniýadaky ähli awtoulag zawodlarynda azyndan bir sany elektroulag modeli öndüriler.
Howanyň arassalygy üpjün ediler
Ýewropa Bileleşigine ýurtlarynda daşky gurşawyň aýawly saklanmagy üçin täze taslamalar durmuşa geçirilýär. Mundan ozal sebit ýurtlarynda kömürturşy gazynyň howa goýberilişini 1990-njy ýyldaky derejäniň 40 göterimine çenli azaltmagy maksat edinilýärdi. Ýewropa Komissiýasynyň täze maksatnamasynda bu görkezijini 55 göterime çenli azaltmak göz öňünde tutulýar. Munuň üçin bolsa, adaty ýangyçly ulaglaryň tapgyrlaýyn azaldylmagy maksat edinilýär.