Milli Liderimiz, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Ol maliýe hasabatlylygy boýunça kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň maliýe ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna edara-kärhanalaryň maliýe-ykdysady ýagdaýyny seljermek, kadalaşdyrmak we sagdynlaşdyrmak, olaryň tölege ukyplylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, algy-bergileriň hasaplaşygyny geçirmegiň tertibine üýtgetmeleri girizmek arkaly býujete tölemeli salgytlar we ýygymlar bilen birlikde, jerimeler, puşmana tölegleri babatda hem özara hasaplaşygy geçirmek baradaky teklibi hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ykdysady ulgamda kadalaşdyryjy hukuk resminamalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işleriň dünýäde emele gelýän ýeňil bolmadyk maliýe ýagdaýlaryny yzygiderli we düýpli öwrenmegiň esasynda alnyp barylmalydygyny belledi. Oňaýsyz daşarky ýagdaýlaryň milli ykdysadyýetimize ýetirýän täsirini azaltmak babatda dessin çäreleriň görlüşine örän uly üns berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Umuman, hormatly Prezidentimiz wise-premýeriň hödürlän teklibini makullap, degişli resminamalary taýýarlamagy hem-de olary ygtyýarly edaralar bilen ylalaşmagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň 23-nji noýabrda sanly wideoaragatnaşyk arkaly sekizinji mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Onlaýn duşuşygyň barşynda söwda-ykdysady, maýa goýum, nebitgaz we senagat ulgamlarynda hem-de maglumat tehnologiýalary, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk, oba we suw hojalygy, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk ugurlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Aziýa – Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary, şol sanda Koreýa Respublikasy bilen gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belläp, dürli pudaklarda netijeli gatnaşyklary giňeltmek, işewür hyzmatdaşlygy hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin uly kuwwatyň bardygyny kanagatlanma bilen belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew önümçilik we durmuş-medeni maksatly birnäçe möhüm desgalaryň gurluşygynda işleriň ýagdaýy, ýurdumyzda halkalaýyn energiýa ulgamyň taslamasyny amala aşyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, «Ahal – Balkan» we «Balkan – Daşoguz» ýokary woltly howa elektrik geçirijisiniň we podstansiýalaryň gurluşygyny maliýeleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, Aziýanyň ösüş bankyndan karz serişdeleri çekildi. Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet energetika korporasiýasy taslamany amala aşyrmak üçin degişli şertnamany baglaşdy. Häzir taslamany üpjün edijiler zerur serişdeleri getirýärler, gurluşyk batly depginlerde dowam edýär.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, elektroenergetika pudagynyň düzümini giňeltmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleriň aýratyn möhümdigini nazara almak bilen, bu meseläni düýpli öwrenmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow Türkmenistanda sanly ykdysadyýet we innowasion tehnologiýalar boýunça «Türkmentel – 2020» atly XIII halkara onlaýn maslahaty geçirmek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Halkara forumy 24-25-nji noýabrda ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirmek meýilleşdirilýär, oňa ýurdumyzdan hem-de daşary ýurtlardan alymlaryň, bilermenleriň we işewürleriň gatnaşmagyna garaşylýar.
Maslahatda sanly hyzmatlaryň täze görnüşlerini ornaşdyrmak, simsiz aragatnaşyk ulgamynyň we bulut tehnologiýasynyň netijeliligini giňeltmek, öýjükli aragatnaşygyň 5G ulgamy, maglumat we kiberhowpsuzlygy, sanly bilim we sanly lukmançylyk ulgamynyň mümkinçiligi ýaly meseleler giňden ara alnyp maslahatlaşylar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň uzak möhletli maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, ýurdumyzyň tehnologik babatda uly ösüşe eýe bolandygyny belledi. Şunda innowasion ugra, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmaga, köpçülikleýin kompýuterleşdirmäge, dünýäniň iň gowy tejribesini, şol sanda ulag ulgamyndaky tejribesini özleşdirmäge aýratyn üns berilýär.
Döwlet Baştutanymyz halkara onlaýn maslahata taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän işleri makullap, biziň hünärmenlerimiziň hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasynda tejribe alyşmakda, işjeň gatnaşyklary ýola goýmakda, geljegi uly taslamalary ara alyp maslahatlaşmakda onuň uly ähmiýete eýedigini nygtady.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda hem-de Täze ýyl baýramyny garşylamak bilen bagly içerki bazaryň üpjünçiligini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň haryt öndürijileri hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde söwda ulgamyny azyk hem-de beýleki zerur önümler bilen doly üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda çagalar we uly ýaşlylar üçin sowgatlyk önümleriň öndürilmegi ýola goýuldy. Şunuň bilen bir hatarda, Täze ýyl arçalary getirilýär, däp bolan sowgatlyk önümleri taýýarlanylýar. Paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda göçme söwdany guramak göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, söwda toplumynyň möhüm wezipelerine ünsi çekip, wise-premýere ýurdumyzyň bazarlarynda haryt bolçulygyny ýokary derejede üpjün etmek meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa «2021-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» ady bilen taýýarlanan nyşanlaryň teklip edilýän taslama görnüşleri barada, şeýle hem Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli guraljak medeni çäreler barada hasabat berdi.
2021-nji ýylyň nyşanynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan yglan edilen bäsleşige dürli ulgamlaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, döredijilik ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri hem-de höwesjeň raýatlaryň ençemesi gatnaşdy. Bäsleşige jemi 700-e golaý taslama gelip gowuşdy, emin agzalary tarapyndan olaryň iň gowulary seçilip alyndy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, «2021-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» ady bilen nyşanlary taýýarlamak meselesine ünsi çekip, ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini we parahatçylyk döredijilikli başlangyçlaryny, halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasyny wagyz etmekde nyşanyň aýratyn ähmiýetini nygtap, bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz nyşanyň hödürlenen görnüşlerini synlap, olar babatda anyk teklipleri aýtdy hem-de degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, hususan-da, «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» işlenip taýýarlanylmagy babatda alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi. Şol taslama ýaş nesle ýokary hilli bilim bermek we hünär öwretmek, häzirki zaman tehnologiýalaryna, sanly bilime, öňdebaryjy tejribä daýanyp, bilim ulgamyny innowasion taýdan ösdürmek, ylymly-bilimli, giň gözýetimli, sagdyn ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we hemmetaraplaýyn goldamak barada milli Liderimiziň öňde goýýan möhüm wezipelerinden ugur alnyp taýýarlanyldy.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer milli Liderimiziň garamagyna «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» taslamasyny hem-de ony amala aşyrmak boýunça geçirilmeli çäreleriň meýilnamasyny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bilim ulgamynda pedagogika ylmy tarapyndan işlenip taýýarlanylan okuwyň innowasion usullaryny, häzirki zaman bilim maksatnamalaryny hem-de okuw materiallaryny peýdalanmagyň möhümdigini belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde göni aragatnaşyk arkaly oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlary diňlenildi.
Olar hormatly Prezidentimiziň başyny başlan, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi hem-de welaýatyň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin agrotehniki çäreler, şol sanda bugdaýa ideg etmek, pagta hem-de şugundyr hasylyny ýygnamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.
Döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň häkimlerine hem-de wise-premýer E.Orazgeldiýewe ýüzlenip, obasenagat toplumyny we sebitleri mundan beýläk-de ösdürmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeleri kesgitledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzda geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak we bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi. Onda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan haşal otlara garşy göreşmek, bugdaýy, şalyny, gowaçany we beýleki oba hojalyk ekinlerini zyýankeşlerden goramak üçin zerur bolan himiki serişdeleri satyn almak göz öňünde tutulýar.
Mundan başga-da, Ýer meseleleri boýunça welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň we Döwlet toparlarynyň agzalary tarapyndan taýýarlanan tekliplere laýyklykda, ýurdumyzyň döwlet edara-kärhanalaryna gurluşyk we önümçilik maksatlary üçin ýer böleklerini hem-de hususy önüm öndürijilere banan we sitrus miwelerini öndürmäge niýetlenen döwrebap ýyladyşhanalary gurmak üçin ýer böleklerini peýdalanmaga bermek baradaky Buýrugyň taslamasy taýýarlanyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini yzygiderli artdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi we milli ykdysadyýetimiziň azyk ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmegiň, ilatyň ýokary hilli we köp görnüşli azyk önümlerine bolan isleglerini doly kanagatlandyrmagyň wajypdygyny aýratyn nygtady.
Döwlet Baştutanymyz «Oba hojalyk ekinleri üçin himiki serişdeleri satyn almak hakyndaky» Karara we «Döwlet edara-kärhanalaryna hem-de hususy önüm öndürijilere ýer böleklerini peýdalanmaga bermek hakyndaky» Buýruga gol çekip, olary wise-premýere elektron resminama dolanyşygy arkaly iberdi.
Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjow paýtagtymyzdaky işleriň ýagdaýy, ony has-da abadanlaşdyrmak, gyş paslyna taýýarlamak boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Aşgabadyň ýylyň sowuk döwrüne doly derejede taýýarlygyny üpjün etmegiň, ýyladyş ulgamlarynyň, umuman, şäheriň inženerçilik-tehniki düzüminiň kadaly ulanylmagynyň möhümdigini belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy (ÝHHG) bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
ÝHHG-niň Aşgabatda 1999-njy ýyldan bäri hemişelik esasda hereket edýän merkezi bilen geçirilýän işler yzygiderli häsiýete eýedir. Soňky 13 ýylyň dowamynda dürli ulgamlarda durmuşa geçirilen bilelikdäki maksatnamalaýyn taslamalaryň 349-sy şu hyzmatdaşlygyň aýdyň netijesidir. ÝHHG-niň merkezi bilen gatnaşyklar her ýylky Meýilnamalaryň çäklerinde amala aşyrylýar. Hususan-da, şu ýyl durmuşa geçirilýän Meýilnama laýyklykda, 41 taslamany ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna 2021-nji ýyl üçin taslamalaryň Meýilnamasy hödürlenildi. Ol hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny öz içine alýar. Meýilnama ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi we ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde taýýarlanyldy.
Taslamalaryň 37-sini syýasy ulgamda, 13-sini ykdysadyýet ugry boýunça, 18-sini ynsanperwer ulgamda durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Umuman, 2021-nji ýylda 68 taslamany amala aşyrmak meýilleşdirilýär.
Milli Liderimiz geljek ýyl üçin bilelikdäki taslamalaryň Meýilnamasyny makullap, wise-premýere, daşary işler ministrine ony iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça zerur çäreleri görmegi hem-de ÝHHG bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça degişli işleri dowam etmegi tabşyrdy.
Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzda häzirki zaman kanunçylyk-hukuk binýadyny kemala getirmek, Halk Maslahatynyň çözgütlerini durmuşa geçirmek boýunça toplumlaýyn maksatnamany amala aşyrmak bilen baglylykda, milli kanunçylygy has-da kämilleşdirmek babatda Parlamentiň alyp barýan işleri barada maglumat berdi.
Hormatly Prezidentimiz milli Parlamentiň ýolbaşçysynyň ünsüni döwletimizi ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny nazara almak bilen, kanun çykaryjylyk işini mundan beýläk-de dowam etmegiň möhümdigine çekdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň alyp barýan işleri, hormatly Prezidentimiziň başyny başlan toplumlaýyn harby özgertmelerini amala aşyrmagyň barşy, harby we hukuk goraýjy düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň hatarlarynda düzgün-nyzamyň we harby tertibiň berjaý edilmegini, şeýle hem ýaş harby gullukçylaryň söweşjeň taýýarlygyny ýokarlandyrmak hem-de watançylyk ruhunda terbiýelemek meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.