Çagalaryň, galyberse-de uly ýaşly adamlaryň hem uly höwes bilen tomaşa edýän «Tom we Jerri» atly multfilminiň esasynda kino surata düşüriler. 80 ýyldan bäri pişik bilen syçanyň arasyndaky kowalaşma oýnuny 2021-nji ýylda uly ekranda kino görnüşinde tomaşa etmek bolar.
Bu filmde Jerriniň meýilnamalaryna päsgelçilik bermek isleýän zenanyň Tom atly pişik bilen ylalaşygy suratlandyrylar. Kaýla atly zenan işleýän myhmanhanasynda toý dabarasyny bozmakçy bolýan Jerriniň öňüni almak üçin Tomdan kömek soraýar. Kaýla toý dabarasynyň ýokary derejede guralmagy üçin tagalla edýär. Jerri bolsa, bezzatlyk etmek üçin howlugýar. Ine, şu gyzykly wakalar kino tomaşaçylarynyň hem ünsüni çeker.
Adatça, «Tom we Jerri» multfilminde syçan köplenç ýeňiş gazanyp, pişigiň ýeňýän pursatlaryna seýrek duş gelinýärdi. Emma kinonyň nähili gutarjakdygy häzirlikçe nämälim bolmagynda galýar. Ony filme tomaşa edenden soňra bilip bolar.
Nursoltan ÇARYÝEWA,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby.