Ýaponiýanyň «Fugaku» superkompýuteri sekuntda 442,010 teraflop tizlige ýetip, bu ugurda taýýarlanýan sanawdaky birinjiligini saklap galdy. Ýörite maksatlar üçin ulanylýan kompýuterlere baha berýän «TOP500» atly sanaw her ýylda iki gezek taýýarlanýar.Bu sanawyň iýun aýyndakysynda hem «Fugaku» birinji bolupdy. Şol sanawda kompýuteriň tizligi sekuntda 415 teraflopsa ýetipdi. 442,010 teraflops sekuntda 422 katrilliondan köp amaly ýerine ýetirmegi aňladýar. Bu görkeziji sanawda ikinji bolan ABŞ-nyň «Summit» superkompýuterinden 3 esse çaltdyr. Şeýle hem kompýuterler sekuntda ýerine ýetirýän amalyndan başga-da, senagatda ýerine ýetirýän amallary, emeli aň amallary we uly göwrümli maglumatlary saýhallamagy ýaly ugurlarda hem barlanýar. «Fugaku» bu ugurlarda hem öňdeligi eýeledi. Bu kompýuter «Fujitsu A64FX SoC» çipler bilen üpjün edilen. Şeýle hem kompýuter agzalýan dört ugur boýunça birbada birinjiligi alan ilkinji kompýuter boldy. «Fujitsu» kompaniýasynyň hemaýatkärligindäki superkompýuter ýurduň Kobe şäherindäki Rikagaku ylmy–barlaglar institutynda peýdalanylýar.
ABŞ-nyň «Summit» superkompýuteri 148,600 teraflops tizlik bilen ikinji, «Sierra» superkompýuteri 94,640 teraflops tizlik bilen üçünji boldy. Hytaýyň «Sunway TaihuLight» kompýuterinde sekuntda 93,014 teraflops tizlik hasaba alyndy. Sanawda ABŞ-nyň «Selene» kompýuteriniň 63,460, Hytaýyň «Tianhe-2A» kompýuteriniň 61,444 teraflops tizlik bilen işleýändigi aýdyldy. Sanawyň ýedinji ornuny 44,120 teraflops tizlik bilen işleýän Germaniýanyň «JUWELS Booster Module» kompýuteri eýeledi. Italiýanyň 35,450 teraflops tizlikli HPC5 kompýuteri sekizinji boldy. ABŞ-nyň 23,516 teraflops tizlikli «Frontera» kompýuteri dokuzynjy boldy. Saud Arabystanynyň sekuntda 22,400 teraflops tizlik bilen işleýän «Dammam-7» kompýuteri ilkinji onlugy jemledi.
Maýa Misekowa,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.