Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy (ÝU­NES­KO) 18-nji no­ýab­ry ys­lam sun­ga­ty­nyň hal­ka­ra gü­ni hök­mün­de yg­lan et­di. ÝUNES­KO-nyň ha­bar ber­me­gi­ne gö­rä, gu­ra­ma­nyň 40-njy umu­my mej­li­sin­de bu ba­ra­da de­giş­li ka­rar ka­bul edil­di. Şo­ňa la­ýyk­lyk­da, her ýy­lyň 18-nji no­ýab­ryn­da ys­lam sun­ga­ty­nyň hal­ka­ra gü­ni bel­le­niler. Bu şan­ly se­ne ys­la­myň me­de­ni­ýet ug­ry hem-de ys­lam sun­ga­ty­nyň me­de­ni­ýe­te go­şan­dy­nyň wasp edil­me­gi­ne go­şant go­şar.
ÝU­NES­KO-nyň Baş di­rek­to­ry Od­ri Azou­laý ys­lam sun­ga­ty­nyň tä­ze­len­ýän­di­gi­ni hem-de dün­ýä­niň äh­li me­de­ni­ýet­le­ri­ne tä­sir et­me­gi­ni do­wam et­dir­ýän­di­gi­ni aýt­dy. Baş di­rek­tor ys­lam sun­ga­ty hal­ka­ra gü­nü­niň ys­lam sun­ga­ty­nyň ta­ry­hy­ny has go­wy öw­ren­mä­ge giň müm­kin­çi­lik dö­ret­jek­di­gi­ni bel­le­di.
Da­ýanç SE­ÝI­DOW,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.