Hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­gi 2050-nji ýy­la çen­li ho­wa goý­be­ril­ýän zy­ýan­ly gaz­la­ryň möç­be­ri­niň do­ly azal­dyl­ma­gy­ny ga­za­nyp bi­ler. Bu ba­ra­da BMG-niň Baş sek­re­ta­ry An­to­nio Gu­ter­reş, Maýkl Blum­berg ta­ra­pyn­dan her ýyl­da gu­ral­ýan üçün­ji yk­dy­sa­dy fo­ru­myn­da eden çy­ky­şyn­da bel­le­di. BMG-niň Baş sek­re­ta­ry ug­le­rod zy­ňyn­dy­la­ry­na çyn­la­kaý sal­gyt gi­riz­me­gi, şeý­le hem kö­mür ga­zyp al­mak­dan ýüz öwür­me­gi we ga­zy­lyp alyn­ýan energiýa çeşmeleri üçin sub­si­di­ýa­la­ry ýa­tyr­ma­gy tek­lip edip hä­zir­ki wagt­da dün­ýä ýurt­la­ry­nyň kö­pü­si­niň 2050-nji ýy­la çen­li ho­wa goý­be­ril­ýän zy­ýan­ly gaz­la­ry 0 de­re­jä çen­li azalt­mak ni­ýe­ti­niň bar­dy­gy­ny mä­lim et­di.

– Ýa­kyn­da biz umyt­lan­dy­ry­jy söz­le­ri eşit­dik. Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi, Ýa­po­ni­ýa, Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy we ýe­ne-de 110-dan gow­rak ýurt 2050-nji ýy­la çen­li ug­le­rod di­ok­si­di­niň zy­ňyn­dy­la­ry­ny 0 de­re­jä ge­tir­mä­ge borç­lan­dy­ryl­dy. Hy­taý mu­ny 2060-njy ýy­la çen­li ber­jaý et­jek­di­gi­ni mä­lim et­di – di­ýip, BMG-niň Baş sek­re­ta­ry An­to­nio Gu­ter­reş aýt­dy.
BMG-niň Baş sek­re­ta­ry ila­tyň gir­de­ji­si­ne sal­gyt­la­ry azalt­ma­gy, şeý­le-de at­mos­fe­ra­ny zy­ýan­ly gaz­lar bi­len ha­pa­la­ýan­la­ra has köp sal­gyt gi­riz­me­gi tek­lip et­di. – Ug­le­ro­dyň ba­ha­sy bol­ma­ly. In­di ga­zy­lyp alyn­ýan energiýa çeşmeleri üçin sub­si­di­ýa­la­ry ýa­tyr­ma­gyň wag­ty ge­lip ýet­di. Biz kö­mür­den kem-kem­den ýüz öwür­me­li­di­ris – di­ýip, Gu­ter­reş bel­le­di. Ol ug­le­rod bi­ta­rap­ly­gy­ny ga­zan­ma­gyň mak­sa­dy­nyň äh­li yk­dy­sa­dy we sal­gyt stra­te­gi­ýa­la­ry­ny bir­leş­dir­mek­den yba­rat­dy­gy­ny bel­le­di. Bu ýag­daý se­na­gat­da, oba ho­ja­ly­gyn­da, ulag­da we ener­ge­ti­ka pu­da­gyn­da öz­ge­riş­lik­le­ri ama­la aşyr­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer. «Nol ug­le­rod» – mu­nuň özi kö­mür­tur­şy ga­zy­nyň zy­ňyn­dy­la­ry­nyň um­man­la­ryň we to­kaý­la­ryň özü­ne siň­dir­ýän muk­da­ryn­dan ýo­ka­ry bol­ma­ly däl­di­gi­ni aň­lad­ýar.
An­to­nio Gu­ter­reş şu gün­ki we­him­le­riň we kyn­çy­lyk­la­ryň üs­tün­de du­rup ge­çip, bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­lar ar­ka­ly ola­ry çöz­mä­ge ça­gy­ryş et­di. – Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bi­len bag­ly çyn­la­kaý me­se­le­ler bi­len ýüz­be-ýüz bol­dy. BMG özü­niň äh­li güý­jü­ni yn­san ömr­üni ha­las et­mä­ge, dün­ýä­de eme­le ge­len çyl­şy­rym­ly ýag­daý­la­ryň tä­si­ri­ni azalt­ma­ga gö­nük­dir­di. Biz dur­muş taý­dan go­rag­ly­ly­gy pes ýurt­la­ry we ila­ty ha­las et­mek üçin ägirt uly çä­re­ler top­lu­my­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ni gol­da­ýa­rys – di­ýip, BMG-niň Baş sek­re­ta­ry aýt­dy. – Hä­zir­ki wagt­da her bir adam dün­ýä­de eme­le ge­len çyl­şy­rym­ly ýag­daý­lar­dan sa­pak alyp, ýü­ze çy­kan me­se­le­le­ri çöz­mä­ge öz go­şan­dy­ny goş­ma­ly­dyr. – Adam­zat dün­ýä­de eme­le ge­len çyl­şy­rym­ly ýag­daý­lar­da has çuň­ňur pi­kir­le­nip, giň ge­rim­de he­re­ket edip bil­jek­di­gi­ni su­but et­di, bu bol­sa bar bo­lan kyn­çy­lyk­la­ry tiz wagt­da ýe­ňip geç­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer – di­ýip, BMG-niň Baş sek­re­ta­ry An­to­nio Gu­ter­reş sö­zü­ni jem­le­di.