Finlýandiýanyň «Nokia» kompaniýasyny, aragatnaşyk operatory «Elisa»-ny we prosessor öndürijisi «Qualcomm»-y öz içine alýan konsorsium golaýda täze 5G tizlik rekordyny goýdy.
Tizlik synagy «Elisa»-nyň Helsinki şäherindäki dükanlarynyň birinde geçirildi. Bu synagda «Nokia»-nyň «5G mmWave» tehnologiýasy, «Qualcomm»-yň synag üçin ulanýan iki sany 5G goldawly smartfony we «Elisa» tarapyndan halka ýetirilýän 5G interneti ulanyldy. Synagda her smartfonyň internet aragatnaşygy sekuntda 4 gigabaýta, umumylykda sekuntda 8 gigabaýta çenli artdy. Hünärmenleriň pikirine görä, ulanyjylar indiki ýyldan başlap, şeýle ýokary tizligi bolan 5G tehnologiýasyndan peýdalanyp bilerler.
Esasan, Finlýandiýanyň we Estoniýanyň müşderilerine hyzmat edýän «Elisa» kompaniýasynyň häzirki wagtda üç milliona golaý müşderisi bar. 2019-njy ýylda dolanyşygyny 1,84 milliard ýewro ýetiren bu kompaniýa 2020-nji ýylyň ahyryna çenli dolulygyna ekologiýa taýdan arassa bolmagy maksat edinýär. «Elisa» bilen bir hatarda ýene bir fin kompaniýasy bolan «Nokia» 5G tory bilen üpjün etmekde öňdebaryjylaryň biri hasaplanýar. Konsorsiumyň üçünji gatnaşyjysy bolan «Qualcomm» kompaniýasy bolsa, esasan, simsiz internet üçin niýetlenen modem tehnologiýasy, şeýle hem smartfonlar üçin öndürýän çipleri bilen meşhurdyr.