Birleşen Arap Emirlikleriniň raýaty, doktor Hawla Al Romaýti Ýer togalagynyň daşyndan tiz aýlanyp çykmak boýunça zenanlaryň arasynda Ginnesiň rekordyny täzeledi. Ol 3 gün 14 sagat 46 minut 48 sekuntda Ýeriň daşyndan aýlanyp çykdy.

-Meniň ýurdumda 200-e golaý millet ýaşaýar, men olaryň ýurtlaryna baryp, medeniýeti we däp-dessurlary barada köp zatlary bilesim geldi – diýip, Hawla Al Romaýti aýdýar. Ol syýahat wagtynda ýüzbe-ýüz bolan dürli kynçylyklarynyň we päsgelçilikleriniň henizem ýadyndadygyny belleýär. Syýahatçy zenan adatça, yzygiderli uçuşlaryň köp sabyr talap edýändigini, hatda birnäçe gezek goýbolsun etmek barada-da pikir edendigini ýaňzytdy.  Muňa garamazdan, syýahatçy zenan özüniň baş maksadyna ýetmek üçin dostlarynyň we ýakynlarynyň beren goldawlaryna hoşallygyny bildirdi. Hawla dünýä rekordyny täzelänine buýsanýandygyny hem-de bu üstünligiň onuň üçin uly hormatdygyny belledi.

Bu syýahatyň dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli halkara uçuşlarynyň bes edilmeginiň öňüsyrasynda 2020-nji ýylyň 13-nji fewralynda tamamlanandygyna garamazdan, netijeleri ýaňadan barlamak we ähli resmi düzgünleri çözmek üçin wagt gerek boldy. Ýöne indi Romaýti, kimdir biri täze rekord goýýança, rekordlar kitabyna girizilen üstünligini buýsanç bilen görkezip biler. Hawla Al Romaýti, öz öňüňde bir maksat goýsaň, köp zatlara ýetip boljakdygyny subut etdi.

Şeýle rekord goýlanda, jahankeşde Antarktika, Günorta Amerika, Demirgazyk Amerika, Ýewropa, Afrika, Aziýa we Okenaiýa yklymlarynyň hersinden bir ýurda barýar.

Ýeri gelende aýtsak, öňki rekord iki syýahatçy Juli Berri we Keýsi Stýuart tarapyndan amala aşyrylyp, olar 92 sagat 4 minut 19 sekuntda Ýer togalagyny aýlanyp çykypdylar.