Ga­za­gys­ta­nyň Şym­kent şä­he­ri­niň hä­ki­mi Mu­rat Aý­te­now GDA-nyň me­de­ni paý­tag­ty­nyň ny­şa­ny­ny Du­şan­be şä­he­ri­niň hä­ki­mi Rus­tam Emo­ma­lä gow­şur­dy. «Şym­kent – GDA-nyň 2020-nji ýyl­da­ky me­de­ni paý­tag­ty» ýy­lynyň ýa­py­lyş da­ba­ra­sy on­laýn ýag­daý­da ge­çi­ril­di.
– Ta­ry­hy şä­he­ri­mi­ziň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň me­de­ni paý­tag­ty bol­ma­gy bi­ziň üçin uly hor­mat. Mun­dan baş­ga-da, ÝU­NES­KO şu ýyl şä­he­ri­mi­ziň ta­ry­hy­nyň azyn­dan 2200 ýy­la ba­ra­bar­dy­gy­ny res­mi taý­dan yg­lan et­di. Asyr­la­ryň do­wa­myn­da şä­he­ri­miz Azi­ýa­nyň sun­gat we me­de­ni mi­ra­sy­nyň esa­sy mer­kez­le­ri­niň bi­ri bo­lup­dyr. Be­ýik ýü­pek ýo­lu­nyň ug­run­da Du­şan­bä dost­luk ça­pa­ry­ny ýol­la­ýa­rys – di­ýip, Mu­rat Aý­te­now gut­lag çy­ky­şyn­da aýt­dy.
GDA-nyň me­de­ni paý­tag­ty ýy­ly­nyň Şym­kent­de açy­lyş da­ba­ra­sy 2020-nji ýy­lyň 20-nji mar­tyn­da ge­çi­ril­me­li­di, ýö­ne dün­ýä­de eme­le ge­len çyl­şy­rym­ly ýag­daý­lar se­bäp­li ýa­ty­ry­lyp­dy.
2200 ki­tap, 2200 tu­mar we 2200 çi­gil­dem düý­bi ýük­le­nen sim­wo­li­ki ker­wen, ýü­pek ýo­lu­nyň üs­ti bi­len Tä­ji­gis­ta­nyň paý­tag­ty Du­şan­be şä­he­ri­ne ta­rap ugur al­dy.