«Google» kompaniýasy meşhur brauzeri «Chrome»-yň täze görnüşini ulanyjylara ýetirdi. 87-nji gezek täzelenýän brauzer soňky ýyllarda girizlen aýratynlyklara garanyňda has kämil işleýär. «Chrome» indi 25% has çalt işleýär, enjamyň CPU-syny 5% az sarp edýär.
Mundan başga-da, brauzer sahypalary 7% çalt ýükleýär we batareýanyň güýjüni tygşytlaýar. Kompaniýanyň habaryna görä, «Chrome 87» -iň iş wagty 1,25 sagat artar, RAM ulanyşy azalar.
Brauzeriň täze görnüşi adatça köp sanly penjire açýan adamlara ep-esli kömek eder; bu açylan penjireleriň arasynda hem gerek penjiräňi gözlemek üçin aýratynlyk girizilipdir. Ozal brauzerde käbir üýtgeşmeleri girizmek ýa-da arassalamak üçin aýratynlyklar sahypasyna gitmeli bolýardy, «Chrome 87»-da gözleg penjiresine gysga buýruklary ýerleşdirip, agzalan amallary aňsat ýerine ýetirip bolýar. Mundan başga-da, «Chrome 87»-de soňky girilen sahypalar mowzugyna görä jemläp bolýar. Mysal üçin nahar saýlamak üçin ulanýan saýtlaryňy ýa-da habarlary okamak üçin adatýa girýän sahypalaryňy bir ýere jemläp, ulnyjynyň wagtyny tygşytlap bilýär.