Oskarly aktrisa hem-de režissýor Anjelina Joli “Unreasonable Behaviour” (Täsin hereket) atly biografik görnüşdäki filmi surata düşürer. Meşhur fotožurnalist Don MakKulliniň ömür-döredijiligi baradaky filme tanymal aktýor Tom Hardi prodýuserlik eder. Film häzirki wagtda 85 ýaşynda bolan Don MakKulliniň öz ýazan kitaby esasynda ekranlaşdyrylar. Filmde baş keşbi – irlandiýaly fotožurnalistiň keşbini kimiň janlandyrjakdygy anyk belli däl. Ýöne ony Tom Hardiniň janlandyrmagyna garaşylýar. Filmiň surata düşüriliş işlerine geljek ýyl badalga berler. Bu Anjelina Joliniň režissýorlyk etjek 4-nji filmi bolar.