Dizel ýangyçly otlular aradan aýrylar

74
Der Velaro E-Hochgeschwindigkeitszug ist mit 350 km/h der schnellste Serientriebzug der Welt. Sein Energieverbrauch entspricht pro Passagier nur 2 Liter Benzin auf 100 km bei 50%-iger Belegung des Zuges. Die 625 Kilometer lange Strecke Madrid – Barcelona legt er in nur zweieinhalb Stunden zurück (statt in vier Stunden wie bisherige Züge). Insgesamt erzeugt das Verkehrsmittel Bahn 75 Prozent weniger CO2 als das Flugzeug und 60 Prozent weniger als der Pkw. Eine höhere Attraktivität mit kürzeren Taktzeiten, verbesserter Komfort und mehr Sicherheit sind wichtige Voraussetzungen für einen Wechsel auf den umweltfreundlichen Verkehrsträger Bahn. Media Summit 2007: www.siemens.com/pressebilder/mediasummit2007 www.siemens.com/presspictures/mediasummit2007

Germaniýanyň demirýol edarasy “Deutsche Bahn” 2050-nji ýyla çenli nol kömürturşy gazy maksadyna ýetmek üçin arassa ýangyçly demir ýol ulaglaryny işe girizýär. Beýleki Ýewropa ýurtlarynda bolşy ýaly, Germaniýada hem senagatda, önümçilikde we gatnawda howa goýberilýän zyýanly gazlaryň dolulygyna aradan aýrylmagy maksat edinilýär. Ýurduň demir ýol edarasy daşky gurşawa hiç hili zeper ýetirmeýän ulaglary öndürmek üçin “Siemens” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk edýär. Maksatnamanyň çäklerinde işlenip taýýarlanan, wodorod ýangyjy bilen işleýän ulag bir ýyllap synagdan geçiriler. 2024-nji ýylda dolulygyna işe giriziljek ulaglar her ýylda 330 tonna kömürturşy gazynyň howa goýberilmeginiň öňüni alar. Bu ulaglaryň tizligi sagatda 160 kilometre ýetýär. Ulaglara wodorod ýangyjyny guýmak üçin beket hem gurlar.
Demir ýol edarasynyň ýolbaşçysy Sabina Jeşke gazylyp alynýan ýangyçlaryň ulanylyşyny dolulygyna aradan aýyrmagy maksat edinýändiklerini, şoňa çenli dizel ýangyçly ulaglary ulanyşdan aýyrjakdyklaryny aýtdy.
Arassa ýangyçly demir ýol ulagy ýurduň günortasyndaky Týubingen, Horb we Pforshaým şüherleriniň arasyndaky 600 kilometrelik ýolda bir ýyllap synagdan geçiriler.
Wodorod ýangyçly ulaglaryň her biriniň bahasy 5-10 million ýewro bolar. Şeýle otlularyň bazary gysga wagtyň dowamynda 50-150 milliard ýewro ýeter. “Siemens” kompaniýasy Mihael Peter Ýewropa geljekki 10-15 ýylyň dowamynda 10-15 müň otlynyň täzeleri bilen çalşylmagyna garaşýandyklaryny, diňe Germaniýada 3 müň otlynyň bardygyny aýtdy.