Germaniýada 2022-nji ýyldan başlap, bir gezek ulanmaga niýetlenen plastmassa torbalar gadagan ediler. Täze düzgüne görä, galyňlygy 15-50 mikrometr bolan plastmassa torbalaryň ulanylyşy çäklendiriler. Ýurduň daşky gurşaw ministri Swenýa Şulse sebetleriň we matadan edilen torbalaryň ulanylmagynyň adam saglygy üçin ýaramly boljakdygyny aýtdy.

Bütindünýä ýabany tebigat gaznasynyň hünärmenleriniň pikirine görä,  söwda merkezlerinde ulanylýan plastmassa torbalaryň ähli plastmassa önümleriniň bary-ýogy bir göterimini emele getirýändigine ünsi çekdi.

Ýeri gelende aýtsak, 2015-nji ýyldan bäri Germaniýada söwda nokatlary plastmassa torbalary tölegli ýagdaýda hödürleýär. Tölegiň girizilmegi bilen ýurtda bu torbalaryň ulanylyşy 64 göterim azalypdyr.