Elektron enjamlaryny we ykjam telefonlary öndürýän «Huawei» kompaniýasy täze elektroulag markasyny döretmek boýunça iş alyp barar. Bu ugurda «Changan Automobile» awtoulag öndüriji kompaniýasy hem-de batareýa öndürýän CATL şereketi bilen hyzmatdaşlyk ediler.
Häzirki wagtda ABŞ-nyň «Tesla» kompaniýasy elektrik awtoulag bazarynyň ösmegine uly goşant goşýar. Beýleki pudaklarda iş alyp barýan kompaniýalar hem bu ulaglary öndürmäge gyzyklanma bildirýärler. «Tesla» bu ugurdaky işleri bilen kompaniýanyň bazar paýyny artdyryp, esaslandyryjysy Ilon Maskyň dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda 2-nji orna çykmagyna goşant goşdy. Elektroulaglara gyzyklanma bildiren kompaniýalaryň biri hem tehnologiýa ägirdi «Huawei» boldy. Kompaniýalaryň hyzmatdaşlygynda 5 ýylyň dowamynda 105 sany täze ulag modeli taýýarlanar. Täze ulaglaryň tehnologiýasy «Changan Automobile Research & Development 4.0» kompaniýasy tarapyndan döredildi.
Dünýä EDILOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.