Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygyna uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyz dünýäniň ösen ýurtlarynyň hatarynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Koreýa Respublikasyny möhüm hem-de ygtybarly hyzmatdaş hasaplaýar. Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary bilen soňky ýyllarda işjeňleşen gatnaşyklaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän türkmen-koreý gatnaşyklary möhüm ähmiýete eýe boldy.
Häzirki wagtda türkmen-koreý gatnaşyklary täze döwri başdan geçirýär. Ýokary derejede, hökümetara we pudagara derejelerde yzygiderli geçirilýän duşuşyklar dostlukly ýurtlaryň köpugurly gatnaşyklary giňeltmäge giň mümkinçilikler döredýär. Golaýda, Koreýa Respublikasy bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine bagyşlanyp, Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň sanly wideoaragatnaşyk arkaly sekizinji mejlisi geçirildi. Onlaýn duşuşygyň barşynda söwda-ykdysady, maýa goýum, nebitgaz we senagat ulgamlarynda hem-de maglumat tehnologiýalary, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk, oba we suw hojalygy, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk ugurlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy ulgamlarynda işleýän koreý kompaniýalarynyň köpýyllyk üstünlikli işi bellenmäge mynasypdyr. Nebitgaz we gazhimiýa toplumlaryny gurmak hem-de döwrebaplaşdyrmak, hususan-da, Gyýanly şäherçesinde döwrebap polimer zawodyny gurmak boýunça taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Ulag ulgamynda-da türkmen-koreý hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär. Bu ulgamyň binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamanyň çäklerinde häzirki wagtda ýurdumyza meşhur «Hyundai» awtobuslarynyň nobatdaky uly tapgyry, ýagny 400-siniň gelip gowuşmagy, şeýle ysnyşykly gatnaşyklaryň aýdyň netijeleriniň biridir.
Öz gezeginde Koreýa Respublikasy hem ýurdumyz bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär. Mälim bolşy ýaly, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň 2019-njy ýylyň aprel aýynda Türkmenistana bolan döwlet sapary bu dostlukly ýurduň döwlet Baştutanynyň Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň ýokary wezipä girişenden soň, sapar bilen gelip gören döwletleriniň ilkinjisi bolmagynda hem aýdyň görünýär. Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň hyzmatdaşlyk gatnaşyklary medeni-ynsanperwer ulgamlarynda hem sazlaşykly ösdürilýär. Şeýle hem soňky ýyllarda Koreýa Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplarynyň sany hem yzygiderli artýar.
Şeýle hem bilim, ylym we medeniýet, syýahatçylyk we sport ugurlary boýunça gatnaşyklar ýylsaýyn giňelýär. Şunda Koreýa Respublikasynyň hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky Dostluk assosiasiýasyna uly ähmiýet berilýär. Ol ähmiýetli medeni çäreleriň – sungat işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilýän festiwallaryň, konsertleriň, sergileriň, döredijilik wekiliýetlerini alyşmagyň guraýjysy bolup çykyş edýär. Iki halkyň sungatlary bilen tanyşdyrýan Medeniýet günleri, döredijilik toparlarynyň konsertleri, koreý kinolarynyň görkezilişi, sergiler, festiwallar, ylmy maslahatlar we ynsanperwer häsiýetli bilelikdäki beýleki çäreler üstünlikli geçirilýär. Olar Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň halklarynyň sungatlary, däpleri öwrenmäge ygrarlydygyny we dünýägaraýyşlarynyň meňzeşdigini görkezýär.
Hojanepes KOŞJANOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň uly mugallymy.