Azi­ýa-Ýu­waş Um­man Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­ly­gy (APEC) fo­ru­my­nyň ýol­baş­çy­la­ry se­bi­tiň gel­jek 20 ýyl­da­ky ösü­şi­ni kes­git­le­ýän res­mi­na­ma­ny ka­bul et­di­ler. Ta­ryh­da il­kin­ji ge­zek yk­dy­sa­dy­ýet li­der­le­ri­niň sam­mi­ti wi­deo kon­fe­ren­si­ýa gör­nü­şin­de ge­çi­ril­di. Sam­mit ta­mam­la­nan­dan soň Ma­laý­zi­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Mu­hid­din Ýas­sin res­mi­na­ma­nyň ka­bul edi­len­di­gi­ni mä­lim et­di.
Res­mi­na­ma­da se­bi­te 2040-njy ýy­la çen­li açyk, ýo­ka­ry dep­gin­li, dur­nuk­ly we asu­da jem­gy­ýet hök­mün­de ba­ha be­ril­ýär. «Me­ýil­na­ma­my­zy ama­la aşyr­mak üçin esa­sy yk­dy­sa­dy müm­kin­çi­lik­ler, şol san­da, söw­da­ny we ma­ýa go­ýum­la­ry­ny ös­dür­mek, san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak, şeý­le hem, dur­nuk­ly, de­ňag­ram­ly ösü­şi üp­jün et­mek göz öňün­de tu­tul­ýar» diý­lip, «Put­ra­ja­ýa gö­rüş 2040» at­ly me­ýil­na­ma­da bel­le­nil­ýär. Ta­rap­lar söw­da we ma­ýa go­ýum gur­şa­wy­ny üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len er­kin, açyk, ada­lat­ly, aç-açan iş­le­me­gi mak­sat edin­ýär. Şeý­le hem, res­mi­na­ma­da Bü­tin­dün­ýä Söw­da Gu­ra­ma­sy­nyň düz­gün­le­ri­ne eýe­ril­ýän­di­gi bel­le­nil­ýär. Me­ýil­na­ma san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti, gur­luş öz­gert­me­le­ri­ni we in­no­wa­si­ýa­ny ös­dür­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly mak­sat­la­ry gol­da­mak üçin amat­ly gur­şa­wyň dö­re­dil­me­gi­ni göz öňün­de tut­ýar.
APEC fo­ru­my­na gat­naş­ýan döw­let­ler dün­ýä­de eme­le ge­len çyl­şy­rym­ly ýag­daý­lar­da hyz­mat­daş­ly­gyň dep­gi­ni­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­gy mak­sat edin­ýän­dik­le­ri­ni mä­lim et­di­ler. APEC ýurt­la­ry we se­bit­le­ri, dur­nuk­ly yk­dy­sa­dy di­kel­di­şiň çäk­le­rin­de has aras­sa ener­gi­ýa ge­çi­şi ýe­ňil­leş­dir­me­gi mak­sat edin­ýär we ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne, te­bi­gy bet­bagt­çy­lyk­la­ra gar­şy gö­reş­mek, adat­dan da­şa­ry ýag­daý­la­ra taý­ýar­ly­gyň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça glo­bal ta­gal­la­la­ry gol­da­mak ba­ra­da yla­laş­dy­lar. Şu ýyl Ma­laý­zi­ýa­nyň baş­lyk­ly­gyn­da ge­çi­ri­len APEC-iň ýyg­nak­la­ry­nyň hem­me­si­niň esa­sy mow­zu­gy umu­my aba­dan­çy­ly­ga, ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ra we ösü­şe bar­ýan ýol­da adam müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­mak­dan yba­rat bol­dy.
1989-njy ýyl­da esas­lan­dy­ry­lan gu­ra­ma Awst­ra­li­ýa, Bru­neý, In­do­ne­zi­ýa, Ka­na­da, Ma­laý­zi­ýa, Tä­ze Ze­lan­di­ýa, Sin­ga­pur, ABŞ, Taý­land, Fi­lip­pin­ler, Gü­nor­ta Ko­re­ýa, Ýa­po­ni­ýa, HHR, Mek­si­ka, Pa­pua – Tä­ze Gwi­ne­ýa, Çi­li, Rus­si­ýa, Wýet­nam we Pe­ru ýa­ly 19 ýurt gir­ýär.