Fransuz ýazyjysy Erwe Le Telýeniň “Anomaliýa” romanyna 2020-nji ýylyň Gonkur baýragy berildi. Bu karar Gonkur akademiýasynyň başlygy Didýe Dekuen tarapyndan mälim edildi. Dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli eminler toparynyň ýygnagy ilkinji gezek wideokonferensiýa görnüşinde geçirildi. “Anomaliýa” romany fantaziýa žanrynda ýazylan 300 sahypalyk romandyr. Romandaky wakalar anomal zolaga giren uçaryň içinde bolup geçýär.

Awtoryň ömri we döredijiligi

63 ýaşly Erwe Le Telýe hünäri boýunça matematik, ýöne žurnalist hökmünde hem adygyp, dürli ylmy žurnallarda işledi, soň ýazyjy bolmak kararyna geldi. “Anomaliýa” romany ýazylanda alymyň tejribesi zerur boldy.

-Köpden bäri ylmy bilimlere, wirtual dünýä baradaky çaklamalara esaslanýan kitap ýazmak isleýärdim. Ýöne bu adam ruhunyň syrly taraplary hakda gürrüň berýän pelsepewi eseri hem bolar – diýip awtor aýdýär. Le Telýeniň eserleriniň we radio gepleşikleriniň köpüsi degişme äheňinde ýazylan. Ol 2019-njy ýylda Fransiýanyň Gülki baýragyna eýe boldy. Le Telýe 2016-njy ýylda neşir edilen “Men we Fransua Mitteran” romanynyň awtorydyr. Bu romana esaslanyp, Parižiň teatrlaryň birinde uly üstünlik gazanan oýun sahnalaşdyryldy.

Gonkur baýragy

Gonkur baýragy 1903-nji ýyldan bäri her ýyl berilýär. Ol doganlar Gonkurlaryň – Edmon Lui Antuanyň (1822-1896) we Žýul Alfred Ýuonyň (1830-1870) adyny göterýär. Romançylar, memuarçylar, taryhçylar we edebiýatşynaslar, edebiýatda “naturalistik mekdebi” esaslandyryjylaryň arasynda orun alýarlar. Bu baýrak diňe bir ýazyjynyň abraýyna we meşhurlygyna däl, eýsem baýraga eýe bolan eseriň üstünlikli satylmagyna-da ep-esli goşant goşup, müňlerçe nusgada ýaýradylýar.