“Hyundai” täze elektroulag platformasyny taýýarlady

121

“Hyundai” kompaniýasy dürli görnüşli ulaglary taýýarlamaga mümkinçilik berýän elektroulag platformasyny işläp düzdi. Bu platformanyň bazasynda gurlan ulag bir gezekki zarýady bilen 500 kilometre çenli ýol geçip biler. “Kia” hem-de “Genesis” brendlerine eýeçilik edýän “Hyundai Motor Group” kompaniýasy “Electric – Global Modular Platform” (E-GMP) atly platformany döretdi. Bu platforma elektroulagyň esasy sütüni bolan şasisinden, batareýasyndan we hereketlendirijisinden ybaratdyr. Platformanyň üstünde 2025-nji ýyla çenli 23 model dörediler. Bu modelleriň arasynda sedan, krossower we SUV görnüşli ulaglar bolar. Platformada döredilen ulag 0-100 km/sagat tizlige 3,5 sekuntda ýeter. Ýokary tizligi 260 km/sagat boljak ulaglaryň batareýasy 18 minutda 80 göterim dolar.