Kosmos pudagynda maýa goýumlaryny artdyrýan ýurtlaryň biri bolan Hindistan Wenera emeli hemra ibermäge taýýarlanýar. “Shukrayaan-1” atly enjam 2024-nji ýylda uçurylar. Ýurduň Kosmos Barlaglary Guramasynyň wekili (ISRO) T. Maria Antonita 2024-nji ýylyň ahyrynda Wenerany öwrenmek maksady bilen emeli hemra uçuryljakdygyny mälim etdi. Emeli hemra “GSLV Mk 2” ýa-da  “GSLV Mk 3” raketasy bilen uçurylar. Emeli hemra asman jisimini 4 ýyllap öwrener.

Mundan ozal Hindistan “Chandrayaan” masksatnamasynyň çäklerinde Aýa iki gezek emeli hemra iberipdi. Şeýle hem “Mangalyaan” maksatnamasynyň çäklerinde Marsy öwrenmek maksady bilen emeli hemra uçurypdy. Bu enjam iň arzan planetara uçuş bolupdy.