Awstraliýada bir teleskop arkaly 300 sagadyň dowamynda 3 million galaktikanyň kartasy çykaryldy. Hünärmenler ASKAP atly radioteleskobdan peýdalanyp, günorta polýusyň asman giňişliginiň kartasyny taýýarlady. Äpet teleskobyň antennalary arkaly kosmosyň 83 göteriminiň kartasynyň taýýarlanandygy mälim edildi. “Rapid ASKAP Continuum Survey” atly ylmy işiň çäklerinde üç ölçegli görnüşli karta çyzyldy. Bu işiň çäklerinde täze bir million galaktikanyň hem üsti açyldy. Ylmy işe ýolbaşçylyk eden Lerri Marşal kosmos giňişliginiň iň çuň syrlaryny ýüze çykarandyklaryny belleýär. Kartany döretmek üçin 903 surat birleşdirilipdir. Onuň netijesinde 13,5 eksabaýtyk (135 000 000 000 GB) maglumat toplanypdyr.

Bu iş astronomlara birnäçe ýylyň dowamynda ýerine ýetirilýän işi sanlyja günüň dowamynda etmäge mümkinçilik berdi. Radioteleskoblaryň kämilleşmegi kosmos giňişligini has ýakyndan öwrenmäge mümkinçilik berýär.